Lebap welaýatynyň Halaç etrabynda täze ilatly ýerleri döretmek hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Lebap welaýatynyň Halaç etrabynda täze ilatly ýerleri döretmek hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2001 ý., № 2, 112-nji madda)
Täze ýerleri özleşdirmek, goşmaça iş orunlaryny döretmek, Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň durmuş-ykdysady ösüşini has netijeli dolandyrmak, şeýle hem Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň zähmetkeşleriniň isleg-arzuwlaryny hem-de häkimlikleriniň towakganamalaryny nazara alyp, karar edýärin:
1. Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň Ýylgynagyz düzlüginde:
oba derejesi bolan täze ilatly ýerleri döredip, olara Ärsarybaba, Serdar we Dostluk adyny dakmaly;
Serdar geňeşligini döredip, täze döredilen Ärsarybaba, Serdar we Dostluk obalaryny onuň düzümine goşmaly hem-de Serdar obasyny onuň merkezi diýip bellemeli.
2. Türkmenistanda şäherçeleriň we geňeşlikleriň Türkmenistanyň Prezidentiniň 1993-nji ýylyň 5-nji maýynda çykaran № 1327 karary bilen tassyklanylan sanawyna degişli üýtgetmeleri girizmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat ş.
2001-nji ýylyň 24-nji fewraly
№ PP-3339