Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Harby we ýörite atlary dakmak hem-de hünär derejelerini bermek hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Harby we ýörite atlary dakmak hem-de hünär derejelerini bermek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Harby we ýörite atlary dakmak hem-de hünär derejelerini bermek hakynda

150.110.070

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2009ý., № 10, 511-nji madda)

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň goranmak ukybyny we harby kuwwatyny pugtalandyrmaga, döwletimiziň howpsuzlygyny berkitmäge, türkmen jemgyýetinde asuda durmuşy goramaga, hukuk tertibini üpjün etmäge, raýatlaryň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň gyşarnyksyz berjaý edilmegine goşan şahsy goşantlary üçin, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň 18 ýyllyk baýramy mynasybetli we Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 53-nji maddasynyň 11-nji bölümine laýyklykda, karar edýärin:

Türkmenistanyň Goranmak ministri, polkownik Ýaýlym Yagmyrowiç Berdiýewe general-maýor,

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy, polkownik Myrat Yslamowa general-maýor,

Türkmenistanyň Prezidentiniň Howpsuzlyk gullugynyň başlygy, podpolkownik Güýçgeldi Hojaberdiýewiç Hojaberdiýewe polkownik,

Türkmenistanyň Neşelere garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň başlygy, podpolkownik Aman Allanurowiç Garaýewe polkownik,

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy, maýor Orazgeldi Taganmyradowiç Esenowa podpolkownik,

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy, maýor Seýitnyýaz Gurbanmämmedowiç Ballyýewe podpolkownik harby adyny,

Türkmenistanyň Içeri işler ministri, polisiýanyň podpolkownigi Isgender Handurdyýewiç Mulikowa polisiýanyň polkownigi ýörite adyny,

Türkmenistanyň Baş prokurory, ýustisiýanyň uly geňeşçisi Çary Hojamyradowa ýustisiýanyň 3-nji derejeli döwlet geňeşçisi ýörite adyny dakmaly;

Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy, 3-nji hünär derejeli Ýaranmyrat Rejepowiç Ýazmyradowa 2-nji hünär derejesini,

Türkmenistanyň Adalat ministri, baş adalat geňeşçisi Myrat Baýmuhammedowiç Garryýewe döwlet adalat geňeşçisi diýen hünär derejesini bermeli.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat ş.

2009 ý. oktýabr aýynyň 27-i.

№ PP-5454