Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň 18 ýyllyk baýramy mynasybetli ýurdumyzyň ilatynyň oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň 18 ýyllyk baýramy mynasybetli ýurdumyzyň ilatynyň oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň 18 ýyllyk baýramy mynasybetli ýurdumyzyň ilatynyň oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek hakynda

050.070.030

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2009 ý., № 10, 499-njy madda)

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň 18 ýyllyk baýramy mynasybetli ýurdumyzyň ilatynyň oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, karar edýärin:

1. 2009-njy ýylyň 26-njy oktýabryndaky iş gününi 24-nji oktýabra geçirmeli hem-de 26-njy oktýabry iş güni däl diýip yglan etmeli.

2. Şu Permanyň ýerine ýetirilmegini eýeçiliginiň görnüşine garamazdan ähli kärhanalar, edaralar we guramalar üpjün etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat ş.

2009 ý. oktýabr aýynyň 14-si.

№ PP-5439