Oraza baýramy hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Oraza baýramy hakynda
050.070.030
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2009 ý., № 9, 459-njy madda)
Türkmen halkynyň müňýyllyklara uzaýan taryhyna aýawly garamak hem-de gymmatly ruhy baýlyklarymyzy gorap saklamak, ajaýyp däp-dessurlarymyzy, urp-adatlarymyzy berjaý etmek we has-da baýlaşdyrmak, Täze galkynyş eýýamynda mähriban halkymyzyň bitewiligini, agzybirligini hem-de jebisligini mundan beýläk-de pugtalandyrmak we «Oraza baýramyny bellemek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1998-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda çykaran 2432-nji Permanyny ýerine ýetirmek maksady bilen, karar edýärin:
Türkmen halkynyň Milli baýramy bolan Oraza baýramy mynasybetli, 2009-njy ýylyň 21-nji sentýabyryny iş güni däl diýip yglan etmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
Aşgabat ş.
2009 ý. sentýabr aýynyň 18-i
№ PP-5423