Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyny döretmek hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyny döretmek hakynda
010.150.010
130.020.020
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2009 ý., № 6, 301-nji madda)
Ýurdumyzda bitewi ylmy-tehniki syýasatyň alnyp barylmagyny üpjün etmek, ylmyň iň täze gazananlarynyň durmuşa giňden ornaşdyrylmagyny çaltlandyrmak, ylmy-tehniki ösüşiň döwlet maksatnamalaryny hemmetaraplaýyn işläp düzmek hem-de yzygiderli we netijeli durmuşa geçirmek maksady bilen, karar edýärin:
1. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyny döretmeli.
2. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Ylym we tehnika baradaky ýokary geňeşi ýapmaly we onuň wezipelerini Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň üstüne ýüklemeli.
3. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky ýapylan Ylym we tehnika baradaky ýokary geňeşiň edara binalaryny we maddy-tehniki enjamlaryny Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň hasabyna bellenen tertipde bermeli.
4. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek hakyndaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamaly hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermeli.
5. Şu Permanyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary H. Saparlyýew, T. Japarow we Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy O. Gurbannazarow gözegçilik etmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
Aşgabatş.
2009 ý. iýun aýynyň 12-si.
№ PP-5364