Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynda daýhan birleşiklerini döretmek hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynda daýhan birleşiklerini döretmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynda daýhan birleşiklerini döretmek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2009 ý., № 3-4, 154-nji madda)

«Daýhan birleşikleri hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň 10-njy maddasyna laýyklykda, şeýle hem Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynyň Abadan we Ýylangyz geňeşlikleriniň obalarynda oba hojalyk ulgamyny dolandyrmagy kämilleşdirmek maksady bilen we Lebap welaýatynyň häkimliginiň teklipnamasyny nazara alyp, karar edýärin:

1. Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynda:

Abadan geňeşliginiň çäginde daýhan birleşigini döredip, ony «Galkynyş» daýhan birleşigi;

Ýylangyz geňeşliginiň çäginde daýhan birleşigini döredip, ony «Aşgabat» daýhan birleşigi diýip atlandyrmaly.

2. Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň ýanyndaky Ýer serişdeleri gullugy Lebap welaýatynyň häkimligi bilen bilelikde Döwletli etrabynda täze döredilen «Galkynyş» we «Aşgabat» daýhan birleşiklerine oba hojalyk maksatly ýerlerden peýdalanmak üçin ýer böleklerini bermeli we bellenen tertipde resmileşdirmeli.

3. Şu Permanyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary M.Akmämmedow we Lebap welaýatynyň häkimi Ý.Ýaýylow gözegçilik etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat ş.,

2009 ý. mart aýynyň 02-si.

№ PP-5316