Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanynda Döwlet gullugy akademiýasyny döretmek hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanynda Döwlet gullugy akademiýasyny döretmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanynda Döwlet gullugy akademiýasyny döretmek hakynda

010.120.040

130.010.100

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2008 ý., № 9, 524-nji madda)

Türkmenistanda döwlet dolandyryşynyň ylmy we usulyýet binýadyny kämilleşdirmek hem-de döwlet gullukçylaryny taýýarlamagyň we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň bütewi milli ulgamyny döretmek maksady bilen, karar edýärin:

1. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanynda Döwlet gullugy akademiýasyny döretmeli.

2. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Ylym we tehnika baradaky ýokary geňeş hem-de Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde Akademiýa hakyndaky Düzgünnamany we onuň gurluşyny bir aý möhletde taýýarlamaly hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermeli.

3. Şu Permanyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary H.Saparlyýew, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň rektory gözegçilik etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat ş.

2008-nji ýylyň 12-nji sentýabry

№ PP-5171