Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

«Türkmenhaly» döwlet paýdarlar korporasiýasynyň kärhanalarynyň işgärlerini döwlet sylaglary bilen sylaglamak we olara hormatly atlary dakmak hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

«Türkmenhaly» döwlet paýdarlar korporasiýasynyň kärhanalarynyň işgärlerini döwlet sylaglary bilen sylaglamak we olara hormatly atlary dakmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

«Türkmenhaly» döwlet paýdarlar korporasiýasynyň kärhanalarynyň işgärlerini döwlet sylaglary bilen sylaglamak we olara hormatly

atlary dakmak hakynda

010.150.030

010.200.030

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy 2008 ý., № 5, 359-njy madda)

Garaşsyz we baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde halkymyzyň milli buýsanjy bolan türkmen el halyçylyk sungatyny ösdürmekde, gadymy halylaryň iň nepis görnüşleriniň asyl nusgasyny gaýtadan dikeltmekde, türkmen halkynyň Beýik Galkynyş eýýamynda altyn harplar bilen ýazyljak taryhy özgertmeleri haly eserlerinde ussatlyk bilen beýan etmekde bitiren hyzmatlary we köp ýyllaryň dowamynda çeken halal zähmeti üçin hem-de Türkmen halysynyň baýramynyň bellenmegi mynasybetli karar edýärin:

Aşgabat çeper-synag halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Ogulnabat Durdyýewna Rejepowany,

Ahal welaýatynyň Gökdepe çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Nurbibi Atamyradowany,

Balkan welaýatynyň Serdar çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Nurgözel Nohurlyýewna Igdirowany,

Daşoguz welaýatynyň Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Täzegül Saparowna Pürenowany,

Lebap welaýatynyň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Zylyha Jumadurdyýewna Ýazmedowany,

Mary boýag-çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Enegül Çaryýewany Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamaly;

Aşgabat çeper-synag halyçylyk kärhanasynyn halyçysy Gülnar Gülmämmedowna Gülburunowa,

Ahal welaýatynyň Baharly çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Orazdursun Amanowa,

Balkan welaýatynyň Esenguly çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Aşyrtäç Atajanowna Annagylyjowa,

Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Anna Halbaýewna Taganowa,

Lebap welaýatynyň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Sähragül Öwezowna Hojakulyýewa,

Mary boýag-çeper halyçylyk kärhanasynyň önümhana müdiri Owlak Abaýewa «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ady dakmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhammedow

Aşgabat ş.

2008-nji ýylyň 23-nji maýy

№ PP-5098