Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky etrabynda daýhan birleşiklerini döretmek hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky etrabynda daýhan birleşiklerini döretmek hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy 2008 ý., № 4, 242-nji madda)
«Daýhan birleşikleri hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň 10-njy maddasyna laýyklykda, şeýle hem Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky etrabynyň zähmetkeşleriniň isleglerini we Daşoguz welaýatynyň häkimliginiň towakganamasyny nazara alyp, karar edýärin:
1. Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky etrabynda:
Bitaraplyk geňeşliginiň çäginde daýhan birleşigini döredip, ony «Ak ýaýla» diýip atlandyrmaly;
Ruhubelent geňeşliginiň çäginde daýhan birleşigini döredip, ony «Beýik Galkynyş» diýip atlandyrmaly.
2. Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ýer serişdeleri gullugy Daşoguz welaýatynyň häkimligi bilen bilelikde täze döredilen daýhan birleşiklerine ýer bermek meselelerini bellenilen tertipde çözmeli.
3. Şu Permanyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş Dolandyryjyşy Ý.Işangulyýew we Daşoguz welaýatynyň häkimi S.Aşyrow gözegçilik etmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhammedow
Aşgabat ş.
2008-nji ýylyň 14-nji apreli
№ PP-5059