Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyny döretmek hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyny döretmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyny döretmek hakynda

010.150.000

130.010.100

Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2008 ý., № 3, 178-nji madda)

Türkmenistanyň diplomatik gullugy üçin işgärleri hünär taýdan taýýarlamagyň we kämilleşdirmegiň bitewi ulgamyny döretmek, daşary syýasat we halkara gatnaşyklary babatda işleýän döwlet edaralaryny ýokary hünärli hünärmenler bilen üpjün etmek, şeýle hem halkara gatnaşyklarynyň we häzirki zaman dünýäsiniň ösüşiniň düýpli meseleleri boýunça ylmy-barlag işini alyp barmak maksady bilen, karar edýärin:

1. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyny döretmeli.

2. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Türkmenistanyň Adalat ministrligi we Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde Halkara gatnaşyklary instituty hakyndaky Düzgünnamanyň, onuň gurluşynyň we işgär wezipe sanawynyň taslamalaryny bir aý möhletde taýýarlamaly we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine tassyklamaga bermeli.

3. Türkmenistanyň Maliýe ministrligi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyny saklamak üçin serişdeleri bermegi 2008-nji ýyl üçin Türkmenistanyň Döwlet býujetinde göz öňünde tutmaly.

4. Şu Permanyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow gözegçilik etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhammedow

Aşgabat ş.

2008-nji ýylyň 20-nji marty

№ PP-5036