Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna üýtgetmeler girizmek we käbir Permanlaryny güýjüni ýitiren hasap etmek hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna üýtgetmeler girizmek we käbir Permanlaryny güýjüni ýitiren hasap etmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna üýtgetmeler girizmek

we käbir Permanlaryny güýjüni ýitiren hasap etmek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2008 ý., № 3, 167-nji madda)

Türkmenistanyň kanunçylygyny kämilleşdirmek maksady bilen, karar edýärin:

1. «Türkmenistanyň ilatyna 2030-njy ýyla çenli tebigy gazy, elektrik toguny, suwy we nahar duzuny mugt bermek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2006-njy ýylyň 25-nji oktýabrynda çykaran № 4563-nji Permanyndan (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň 2006-njy ýyldaky 10-njy ýygyndysynyň 1083-nji maddasy) «hem-de benziniň we dizel ýangyjynyň nyrhlaryny häzirki derejesinde saklamaly» sözleri aýyrmaly.

2. Türkmenistanyň Prezidentiniň şu Permanlaryny güýjüni ýitiren hasap etmeli:

«Saparmyrat Türkmenbaşynyň halkara fonduny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1993-nji ýylyň 23-nji noýabrynda çykaran 1062–nji Permanyny (Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň 1993-nji ýyldaky 11-nji ýygyndysynyň 1629-njy maddasy);

«Türkmenistanda öndürilýän we onuň çärlerine getirilýän harytlar üçin goşmaça tölegleri almak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2000-nji ýylyň 8-nji awgustynda çykaran 3153-nji Permanyny (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň 2000-nji ýyldaky 8-nji ýygyndysynyň 389-nji maddasy);

«Türkmenistanyň Prezidentiniň käbir namalaryna üýtgetmeler girizmek we olary güýjüni ýitiren diýip hasap etmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2004-nji ýylyň 20-nji awgustynda çykaran 4101-nji Permanynyň (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň 2004-nji ýyldaky 8-nji ýygyndysynyň 309-njy maddasy) 8-nji bölümini.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhammedow

Aşgabat ş.

2008-nji ýylyň 16-njy marty

№ PP-5024