Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligini döretmek hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligini döretmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligini döretmek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2008 ý., № 2, 78-nji madda)

Beýik Galkynyş eýýamynda ýurdumyzy ösdürmegiň maliýe-ykdysady strategiýasyny işläp düzmegiň düýbünden täze çemeleşmelerini ulanmagyň zerurdygy bilen baglylykda hem-de ykdysadyýetiň pudaklaryny we maliýe serişdelerini dolandyrmagyň ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen, karar edýärin:

1. Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligini döredip, Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrligini ýapmaly.

2. Türkmenistanyň Ykdysasyýet we ösüş ministrligi Ministrlik hakyndaky Düzgünnamanyň taslamasyny, şeýle hem şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri ulanylýan kanunçylyga girizmek hakyndaky teklipleri Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bir aý möhletde taýýarlamaly we tassyklamak üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermeli.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhammedow

Aşgabat ş.

2008-nji ýylyň 2-nji fewraly

№ PP-4995