Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Türkmenistanyň Milli baýramyny – dokma senagatynyň işgärleriniň Gününi döretmek we belläp geçmek hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

Türkmenistanyň Milli baýramyny – dokma senagatynyň işgärleriniň Gününi döretmek we belläp geçmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň Milli baýramyny – dokma senagatynyň işgärleriniň Gününi döretmek we belläp geçmek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2006 ý., № 2, 743-nji madda)

Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň dokma senagaty milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösýän pudaklarynyň birine öwrüldi. Häzirki wagtda Türkmenistanda gurulýan senagat desgalarynyň möçberiniň ýüzden 25 böleginden gowragy dokma senagatynyň paýyna düşýär. Bu pudaga aýyratyn üns berilmegi pagta süýümini senagat taýdan gaýtadan işlemegiň möçberini 40 göterime çenli artdyrmaga mümkinçilik berdi, munuň özi 1991-nji ýyldaky derejeden 12 esseden hem köpdür.

“Türkmenistany ykdysady, syýasy we medeni taýdan ösdürmegiň 2020-nji ýyla çenli döwür üçin baş ugry” Milli maksatnamamyza laýyklykda gowaça ekýän her etrapda pagta süýümini gaýtadan işlemekden dünýä ülňülerine laýyk gelýän taýýar önümi çykarmaga çenli gutaranykly tilsimat tapgyry bolan önümi gaýtadan işleýän häzirki zaman dokma fabrikleri ulanylmaga berler.

Dokma senagatyny has-da ösdürmek maksadyna eýerip, dokmaçylaryň zähmet üstünliklerini, ýurdumyzyň ykdysadyýetini pugtalandyrmaga goşýan goşandyny belläp geçmek bilen, şeýle hem Türkmenistanyň dokma pudagynyň işgärleriniň tekliplerini nazara alyp, karar edýärin:

1. Türkmenistanyň Milli baýramyny - dokma senagatynyň işgärleriniň Gününi döretmek we bu baýramy her ýylda iýun aýynyň birinji ýekşenbe belläp geçmeli.

2. Türkmenistanyň welaýatlarynyň, etraplarynyň, şäherleriniň häkimleri, jemgyýetçilik guramalary Türkmenistanyň Milli baýramyny - dokma senagatynyň işgärleriniň Gününi ýokary guramaçylykly derejede belläp geçmegi üpjün etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

2006-njy ýylyň 17-nji fewraly

№ PP-4457