«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 15 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» diýen Türkmenistanyň ýadygärlik medaly bilen sylaglamak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 15 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» diýen Türkmenistanyň ýadygärlik medaly bilen sylaglamak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2006 ý., № 10, 1067-nji madda)
Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistanyň 15 ýyllygy mynasybetli hem-de Watanymyzyň milli goşunynyň kuwwatyny artdyrmaga, esgerlerimiziň kämil söweşjeň tehnikany we ýaraglary ýokary derejede özleşdirmegine hem-de türkmen jemgyýetinde asuda durmuşy goramaga, hukuk tertibini üpjün etmäge, raýatlaryň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň gyşarnyksyz berjaý edilmegine goşan uly goşandyny nazara alyp, karar edýärin:
Türkmenistanyň Goranmak ministri Agageldi Mämmetgeldiýewi;
Türkmenistanyň Prezidentiniň Howpsuzlyk gullugynyň başlygy Akmyrat Kulyýewiç Rejebowy;
Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministri Geldimuhammet Aşyrmuhammedowy;
Türkmenistanyň Içeri işler ministri Akmämmet Rahmanowy;
Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Orazberdi Soltanowy;
Türkmenistanyň Baş prokurory Muhammetguly Mämmetsähedowiç Ogşukowy;
Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy Ýagşygeldi Esenowy;
Türkmenistanyň Adalat ministri Aşyrgeldi Jumaýewiç Gulgaraýewi «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 15 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» diýen Türkmenistanyň ýadygärlik medaly bilen sylaglamaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat ş.
2006-njy ýylyň 6-njy oktýabry
№ PP-4542