Maýyplaryň jemgyýetçilik guramalaryna we olaryň agzalaryna ýeňillikler bermek hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Maýyplaryň jemgyýetçilik guramalaryna we olaryň agzalaryna
ýeňillikler bermek hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2006 ý., № 9, 1036-njy madda)
Türkmenistanda maýyplary döwlet tarapyndan goldamagy üpjün etmek maksady bilen, karar edýärin:
1. Görüş boýunça I derejeli maýyplary telefon üçin abonent töleglerini tölemekden boşatmaly we görüş boýunça II derejeli maýyplara 50 göterim indirim bellemeli.
2. Maýyplaryň jemgyýetcilik guramalaryny, olaryň kärhanalaryny we edaralaryny döwlet durmuş ätiýaçlandyrmasy üçin serişdeleri geçirmekden, şeýle hem paçlary, şol sanda şol guramalaryň hasaba alnandygy üçin paçlary (gümrük paçlary we ýygymlary muňa girmeýär) tölemekden boşatmaly.
3. Maýyplaryň Merkezi bedenterbiýe-sport klubyny we onuň bölümlerini Türkmenistanyň Merkezleşdirilen býujetiniň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirmeli.
4. Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrligi:
Türkmenistanyň körler we kerler jemgyýetiniň merkezi müdiriýetiniň dolanyşyk serişdeleriniň sap artmagy üçin Türkmenistanyň Merkezleşdirilen býujetinde serişdeleri her ýyl göz öňünde tutmaly;
şu Permanyň 1-nji we 2-nji bölümlerinde bellenilen ýeňillikleri üpjün etmek üçin Türkmenistanyň Merkezleşdirilen býujetinden zerur serişdeleriň berilmegini göz öňünde tutmaly.
5. «Inwalidleriň jemgyýetçilik guramalaryna we olaryň agzalaryna goşmaça ýeňillikler hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1993-nji ýylyň 11-nji martynda çykaran № 775 Permanyny (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 1993-nji ýyl, № 3, 1090-njy madda) güýjüni ýitiren hasap etmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat ş.
2006-njy ýylyň 26-njy sentýabry
№ PP-4538