Türkmenistanyň Milli döwlet metbugat gullugyny döretmek hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Türkmenistanyň Milli döwlet metbugat gullugyny döretmek hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2004 ý., № 8, 302-nji madda)
«Türkmenistany ykdysady, syýasy we medeni taýdan ösdürmegiň 2020-nji ýyla çenli döwür üçin baş ugry» Milli maksatnamasyny ýerine ýetirmek, şeýle hem metbugat, neşirýat edaralarynyň, žurnallaryň we gazetleriň redaksiýalarynyň işini kämilleşdirmek maksady bilen, karar edýärin:
1. Türkmenistanyň Milli döwlet metbugat gullugyny döretmeli.
2. Türkmenistanyň Milli döwlet metbugat gullugy Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen ylalaşyp, Gulluk hakyndaky Düzgünnamanyň taslamasyny 2 hepde möhletde taýýarlamaly we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine hödürlemeli.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat ş.
2004-nji ýylyň 11-nji awgusty
№ PP-4093