Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M AN Y

Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2004 ý., № 1, 4-nji madda)

Baky bitarap Türkmenistan döwletimiziň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny, agzybir türkmen halkymyzyň Altyn asyrynda gazanan ajaýyp üstünliklerini, uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal zähmetlerini, ýaş nesillerimizi milli medeniýetimize we sungatymyza söýgi ruhunda terbiýelemekde bitiren işlerini hem-de ata Watanymyzyň batly gadamlaryny wasp edýän sungat eserlerini ýokary ussatlyk bilen döredendiklerini göz öňünde tutup, karar edýärin:

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň grafika kafedrasynyň müdiri Nursähet Ýagmyrowiç Eýeberenowy «Gaýrat» medaly,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ylmy işler boýunça prorektory Nurýagdy Goçbaýewiç Ýagşymyradowy,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň heýkeltaraşçylyk kafedrasynyň uly mugallymy Şamyrat Ýarmämmedowy,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň nakgaşçylyk kafedrasynyň müdiri Polat Garryýewi «Watana bolan söýgüsi üçin» ýubileý medaly bilen sylaglamaly.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

2004-nji ýylyň 6-njy ýanwary

№ РР-4008