Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

M.B.Ataýewa «Türkmenistanyň halk hudožnigi» diýen hormatly ady dakmak hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

M.B.Ataýewa «Türkmenistanyň halk hudožnigi» diýen hormatly ady dakmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

M.B.Ataýewa «Türkmenistanyň halk hudožnigi» diýen hormatly ady dakmak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2004 ý., №1, 3-nji madda)

Baky bitarap Türkmenistan döwletimiziň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary, agzybir halkymyzyň Altyn asyrynda gazanan ajaýyp üstünlikleri, uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal zähmeti, ýaş nesillerimizi milli medeniýetimize we sungatymyza söýgi ruhunda terbiýelemekde bitiren uly işleri hem-de ata Watanymyzyň batly gadamlaryny wasp edýän sungat eserlerini ýokary ussatlyk bilen döredenligi üçin, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň milli sungat kafedrasynyň müdiri Maral Bagşyýewna Ataýewa «Türkmenistanyň halk hudožnigi» diýen hormatly ady dakmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

2004-nji ýylyň 6-njy ýanwary

№ РР-4007