Türkmenistanyň Prezidentiniň käbir Permanlaryny güýjüni ýitiren diýip hasap etmek hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Türkmenistanyň Prezidentiniň käbir Permanlaryny
güýjüni ýitiren diýip hasap etmek hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2005 ý., № 7, 309-njy madda)
"Ýer hakyndaky" Türkmenistanyň bitewi Kanunynyň kabul edilmegi bilen baglanyşykly, karar edýärin:
"Türkmenistanda ýerlere eýelik etmek we olary peýdalanmak hukugy hakynda" Türkmenistanyň Prezidentiniň 1993-nji ýylyň 2-nji fewralynda çykaran № 758 Permanyny (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 1993-nji ýyl, № 2, 1018-nji madda);
"Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanylaryna goşmaçalar we üytgetmeler girizmek hakynda" Türkmenistanyň Prezidentiniň 2003-nji ýylyň 10-njy noýabrynda çykaran № 3954 Permanynyň (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2003-nji ýyl, № 11, 435-nji madda) 1-nji maddasyny güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat ş.
2005-nji ýylyň 28-nji iýuly
№ PP-4313