Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Türkmenistanyň Prezidentiniň käbir namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň käbir namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň Prezidentiniň käbir namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2005 ý., № 3, 96-njy madda)

Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň düzüminde Harby müdirligiň hem-de welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň harby prokuraturalarynyň döredilmegi bilen baglanyşykly, karar edýärin:

Türkmenistanyň Prezidentiniň şu namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmeli:

1. Türkmenistanyň Prezidentiniň 1996-njy ýylyň 12-nji sentýabrynda çykaran № 1905 Permany (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetinin çözgütleriniň ýygyndysy, 1996-njy ýyl, № 9, 5173-nji madda) bilen tassyklanylan, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Düzgün-nyzam düzgünnamasynyn 90-njy maddasynyň ikinji böleginde hem-de 94-nji maddasynyň bäşinji böleginde "prokuror" diýen sözden öň "harby" diýen sözi goşmaly.

2. Türkmenistanyň Prezidentiniň 1997-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda çykaran № 2094 Permany bilen tassyklanylan, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Içerki gulluk düzgünnamasynyň 91-nji maddasynyň on üçünji bendinde "prokuror" diýen sözden ön "harby" diýen sözi goşmaly.

3. Türkmenistanyň Prezidentiniň 1998-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda çykaran № 2454 Permany bilen tassyklanylan, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Garnizon we garawul gullugy düzgünnamasynda:

20-nji maddanyň birinji böleginiň ýigrimi birinji bendinde "prokuror" diýen sözden öň "harby" diýen sözi goşmaly;

25-nji maddanyň dokuzynjy bendinde "prokuror" diýen sözden öň "harby" diýen sözi goşmaly;

27-nji maddada "prokuror" diýen sözden öň "harby" diýen sözi goşmaly;

45-nji maddanyň on üçünji bendinde "prokuror" diýen sözden öň "harby" diýen sözi goşmaly;

50-nji maddanyň üçünji bendinde "prokuror" diýen sözden öň "harby" diýen sözi goşmaly;

87-nji maddanyň ikinji böleginde "prokuror" diýen sözden öň "harby" diýen sözi goşmaly;

88-nji maddanyň ikinji böleginiň dokuzynjy we on bäşinji bentlerinde "prokuror" diýen sözden öň "harby" diýen sözi goşmaly;

168-nji maddanyň ikinji bendinde "prokuror" diýen sözden öň "harby" diýen sözi goşmaly;

14 goşyndyda:

2-nji bölümiň üçünji bendinde "prokuror" diýen sözden öň "harby" diýen sözi goşmaly;

6-njy bölümiň üçünji bendinde "prokuror" diýen sözden öň "harby" diýen sözi goşmaly;

13-nji bölümiň birinji bendinde "prokuror" diýen sözden öň "harby" diýen sözi gosmaly;

"19____ýylda tussag edilip, gauptwagtada saklanylanlaryň kitaby" jedweline Bellikde "prokuror" diýen sözden öň "harby" diýen sözi goşmaly;

33- nji bölümde "prokuror" diýen sözden öň "harby" diýen sözi goşmaly;

34-nji bölümde "prokuror" diýen sözden öň "harby" diýen sözi goşmaly.

4. "Türkmenistanyň hukuk goraýjy we harby edaralarynyň ýolbaşçylaryny we beýleki jogapkär wezipeli işgärlerini seçip almak, şeýle wezipeleri ýerine ýetirmäge başarnygy bolanlary taýýarlamak we ýerbe-ýer goýmak işini guramak hakynda" Türkmenistanyň Prezidentiniň 2001-nji ýylyň 14-nji iýunynda çykaran № 3413 Permany bilen tassyklanylan, bellenilmegi Türkmenistanyň Prezidentiniň namalary bilen ýa-da Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşylyp amala aşyrylýan, Türkmenistanyň hukuk goraýjy we harby edaralarynyň ýolbaşçy işgärleriniň we beýleki wezipeli jogapkär adamlarynyň Sanawynyň 1-nji bölüminiň dördünji bendinde "prokuror" diýen sözden ön "harby" diýen sözi goşmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

2005-nji ýylyň 8-nji marty

№ PP-4237