Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Türkmenistanyň Medeniýet we habar beriş ministrligini döretmek hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

Türkmenistanyň Medeniýet we habar beriş ministrligini döretmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň Medeniýet we habar beriş ministrligini döretmek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2003 ý., № 11, 440-nji madda)

Medeniýet edaralarynyň işini düýpli gowulandyrmak we kämilleşdirmek hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini utgaşdyrmak maksady bilen, karar edýärin:

l . Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň binýadynda Türkmenistanyň Medeniýet we habar beriş ministrligini döretmeli.

2. Türkmenistanyň Medeniýet we habar beriş ministrligi Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde Ministrlik hakyndaky Düzgünnamanyň taslamasyny iki hepde möhletde işläp taýýarlamaly we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine hödürlemeli.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

2003-nji ýylyň 14-nji noýabry

№ PP-3959