Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanlaryna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanlaryna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanlaryna goşmaçalar

we üýtgetmeler girizmek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2003 ý., № 11, 435-nji madda)

(Türkmenistanyň Prezidentiniň 28.07.2005 ý. çykaran № PP-4313 Permany esasynda girizilen üýtgetmeler bilen)

Türkmenistanyň kanunçylygyny kämilleşdirmek maksady bilen, karar edýärin:

Türkmenistanyň Prezidentiniň şu Permanlaryna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmeli:

1-nji madda Türkmenistanyň Prezidentiniň 28.07.2005 ý. çykaran № PP-4313 Permany esasynda güýjüni ýitiren.

2. «Türkmenistanyň kazyýet edaralarynda işgärler işini kämilleşdirmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1997-nji ýylyň 21-nji awgustynda çykaran № 2358 Permanynda (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 1997-nji ýyl, № 8, 5880-nji madda):

Ýokary suda, sudlara, sudýalara salgylanmany Ýokary kazyýete, kazyýetlere, kazylara salgylanma bilen çalşyrmaly;

2-nji maddada «Türkmenistanyň Ýustisiýa ministri bilen ylalaşylan» diýen sözleri aýyrmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

2003-nji ýylyň 10-njy noýabry

№ PP-3954