Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Türkmenistanyň Döwlet Tugrasy (gerbi) hakyndaky Düzgünnamany tassyklamak barada

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Türkmenistanyň Döwlet Tugrasy (gerbi) hakyndaky Düzgünnamany tassyklamak barada

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň Döwlet Tugrasy (gerbi) hakyndaky Düzgünnamany tassyklamak barada

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2003 ý., № 8, 310-nji madda)

«Türkmenistanyň Döwlet Tugrasy (gerbi) hakyndaky» 2003-nji ýylyň 14-nji awgustyndaky Türkmenistanyň XIV Halk maslahatynda tassyklanylan Türkmenistanyň Kanunyny durmuşa geçirmek maksady bilen, karar edýärin:

1. Türkmenistanyň Döwlet Tugrasy (gerbi) hakyndaky Düzgünnamany tassyklamaly (goşulýar).

2. «Türkmenistanyň Döwlet gerbi hakyndaky Düzgünnamany tassyklamak barada» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2000-nji ýylyň 27-nji noýabrynda çykaran №3263 Permanyny (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2000-nji ýyl, № 11, 592-nji madda) güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

2003-nji ýylyň 25-nji awgusty

№ РР-3899

Türkmenistanyň Prezidentiniň

2003-nji ýylyň 25-nji awgustynda

çykaran № PP-3899 Permany bilen

tassyklanyldy

Türkmenistanyň Döwlet Tugrasy (gerbi) hakynda

DÜZGÜNNAMA

1. Şu Düzgünnama bir-biriniň içinde goşulyşýan gyzyl we mawy reňkli iki tegelek ýerleşdirilen ýaşyl reňkdäki sekiz gyraňdan ybarat bolan Türkmenistanyň Döwlet Tugrasynyň (gerbiniň) (mundan beýläk-Tugra) şekili, reňk öwüşgini, ýasalan serişdeleri we möçberi (№l we 2 goşundylara) baradaky talaplary belleýär.

2. Tugranyň şekili, möçberi we reňkleri «Türkmenistanyň Döwlet Tugrasy (gerbi) hakyndaky» 2003-nji ýylyň 14-nji awgustyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň 2-nji maddasyna hem-de şu Düzgünnamanyň №l we 2 goşundylaryna laýyk bolmaly.

Milli gölleriň, ýarymaýyň we bäş sany bäşburç ýyldyzyň şekili we reňkleri «Türkmenistanyň Döwlet baýdagy üçin döwlet standartyny tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2000-nji ýylyň 3-nji martynda çykaran № 4600 karary bilen tassyklanylan, Türkmenistanyň TDS 562-2000 «Türkmenistanyň Döwlet baýdagy» diýen döwlet standarty boýunça ýerine ýetirilýär.

Tugranyň şekiliniň bir öwüşginde (reňksiz) ýerine ýetirilmegine ýol berilýär.

3.Tugranyň reňkleriniň dokma senagaty üçin reňkleriň ýörite Atlasy (katalogy) - PANTONE TEXTILE, 1992 ý. boýunça şu görkezijileri bellenilýär:

ýaşyl reňk - 16-6240 TP boýunça;

gyzyl reňk - 17-1654 TP boýunça;

sary reňk - 14-0955 TP boýunça;

gara reňk - 19-4205 TP boýunça;

mawy reňk - 17-4041 TP boýunça.

4. Ýarymaýyň we bäş sany bäşburç ýyldyzyň, ýaprakly açylan gowaça gozalarynyň, bugdaý sünbülleriniň, milli haly gölleriniň we garaşsyz bitarap Türkmenistanyň birinji we ömürlik Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň meşhur ahalteke bedewleriniň gadymy nusgasyny özünde jemleýän Ýanardag ahalteke bedewiniň şekili we reňkleri etalona laýyk bolmaly.

Tugralaryň dürs ýasalmagyny deňeşdirmek üçin etalon «Türkmenstandartlary» Baş döwlet gullugynyň standart nusgalyklarynyň döwlet gorunda saklanylýar.

5. Tugranyň şekili «Türkmenistanyň Döwlet Tugrasy (gerbi) hakyndaky» 2003-nji ýylyň 14-nji awgustyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň 3-nji maddasynyň dördünji, bäşinji, altynjy we ýedinji bentlerinde sanalyp geçilen resmi namalaryň we çaphana önümleriniň ýüzünde onuň şu Düzgünnamada bellenilen möçberlere barabar takyk we aýdyň şekillendirilmegini üpjün edýän tehnologiki usulda ýerine ýetirilýär.

6. Tugra poslamaýan bitewi metalyň tutuş böleginden ýada durky üýtgemeýän başga bir serişdeden ýasalmaly.

Tugra şekillendirilende howanyň täsirine durnukly reňkler ulanylmaly. Tugranyň laýyklyk güwänamasy bolmaly.

7. Tugra «Türkmenistanyň Döwlet Tugrasy (gerbi) hakyndaky» 2003-nji ýylyň 14-nji awgustyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň 3-nji maddasynyň ikinji we üçünji bentlerinde sanalyp geçilen binalaryň ýüz tarapyndan Tugranyň aşaky bölegi ýerden azyndan 2,5 metr ýokarda bolar ýaly edilip ýerleşdirilýär.

8. Tugra düýpli abatlamak işleri geçirilýän, bibat ýagdaýda bolan binalaryň ýüz tarapynda ýa-da ýüz tarapy abatlanylýan binalarda, şeýle hem Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň çözgüdi boýunça beýleki halatlarda ýerleşdirilmeýär.

9. Tugranyň ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we guramalaryň binalarynda «Türkmenistanyň Döwlet Tugrasy (gerbi) hakyndaky» 2003-nji ýylyň 14-nji awgustyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň we şu Düzgünnamanyň talaplary berjaý edilip ýerleşdirilmegi üçin jogapkärçilik şol ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň üstüne ýüklenilýär.

10. Şekili kemli Tugrany peýdalanmak gadagan edilýär.

Türkmenistanyň Döwlet Tugrasy (gerbi)

hakyndaky Düzgunnama

№ l goşundy

Türkmenistanyň Döwlet Tugrasynyň (gerbiniň) şekili

Türkmenistanyň Döwlet Tugrasynyň (mundan beýläk-Tugra) şekili, reňkleri we möçberleri «Türkmenistanyň Döwlet Tugrasy (gerbi) hakyndaky» 2003-nji ýylyň 14-nji awgustyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň 2-nji maddasynyň we Türkmenistanyň Döwlet Tugrasy (gerbi) hakyndaky Düzgünnamanyň talaplaryna laýyk bolmaly.

Türkmenistanyň Döwlet Tugrasy umumy merkezi bolan, bir-biriniň içinde ýerleşdirilen mawy reňkli kiçi (diametri d), gyzyl reňkli ortaky (diametri 2d) we ýaşyl reňkli uly (diametri 3d) üç tegelek bilen emele getirilen, sary-altynsow gaýmaly, ýaşyl reňkli, gowaça gozalary we bugdaý sünbülleri daşky gyrasy sekiz gyraňlygyň içinde sary-altynsow gaýmalar bilen çäklendirilmedik sekiz gyraňlykdan ybaratdyr.

Sekiz gyraňlyk tegelekde (4,3d diametrli) ýerleşdirilen we daşky gyrasy boýunça diagonallaryň kesişýän umumy merkezi bilen uly tegelegiň (3d) deň diametrli taraplary bilen iki sany birmeňzeş dörtburçluklaryň biri birine 45° burç bilen ýerleşen sekiz burçy bilen çäklenen ýaşyl giňişlikde ýerleşýär, şunda dörtburçluklaryň biri diagonal boýunça dikligine ýerleşýär; içki gyrasy boýunça –gowaça gozalarynyň we bugdaý sünbülleriniň daşky gyrasy boýunça uly tegelegiň daş aýlawy bilen berilýär.

Tegelekleriň arasynda gyzyl tegelegiň möçberine girmeýän, 0,02d barabar birmeňzeş ini bolan sary-altynsow zolaklar bar. Sekiz gyraňlygy jähekleýän sary-altynsow zolak tegelekleriň arasyndaky zolaklaryň ininiň iki essesine (0,04d) barabardyr.

Tugranyň merkezinde mawy reňkdäki kiçi tegelegiň içinde garaşsyz bitarap Türkmenistanyň birinji we ömürlik Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Ýanardag ahalteke aty etalona laýyklykda şekillendirilendir. 1991-nji ýylda doglan Ýanardag bedewi Garaşsyz Türkmenistanyň ýaşytdaşydyr, ol ahalteke bedewleriniň gadymy nusgasyny özünde jemläp, Ýanardag - Altyndag adyna kybapdaş altyn öwsüp, görmegeý keşbine gelşip duran, ýeňil gopýan hereketleri bilen altyn asyryň altyn bedewidir.

Gyzyl reňkdäki ortaky tegelegiň daşyndaky halkalaýyn zolakda bäş sany milli göl etalonlara laýyklykda şekillendirilip, olaryň merkezleri sary-altynsow zolagyň gyralaryndan deň uzaklykda bolan merkezli tegelekde biri-birinden deň uzaklykda ýerleşendir.

Haly gölleri olaryň daşky erňekleri tegelekleri çäklendiriji zolaklar 0,04d uzaklykda bolar ýaly, sagadyň diliniň ugruna laýyklykda ýokardan aşak ahalteke, salyr, ärsary, çowdur, ýomut göli tertipde ýerleşýär.

Sekiz gyraňlygyň ýaşyl düşeginde gyzyl tegelegiň daşynda milli baýlygymyzyň esasy parçalary we döwletimiziň nyşanlary dik oka garanyňda simmetrik ýagdaýda:

aşaky böleginde - sary-altynsow gaýma bilen jäheklenen ak pagtanyň gök ýaprakly bäş hanaly açylan gozalarynyň ýedisi;

ortaky böleginde - sary-altynsow reňkli iki bugdaý sünbüli;

ýokarky böleginde - ak reňkli bäş sany bäşburç ýyldyz we ýarymaý şekillendirilendir.

Gozanyň iki tarapyndan-da sary-altynsow gaýma bilen jäheklenen, 0,2 diametrli tegelege ýerleşdirilen, pagtanyň gök ýaprakly bäş hanaly açylan gozasynyň esasy şekili Tugranyň dik okunda ýerleşdirilendir we etalona laýyk bolmaly.

Esasy şekil ýaly ýaprakly gowaça gozalary tegelekleriň arasyndaky sary-altynsow zolaklardan deň uzaklykda töwerek okunda biri-birinden deň uzaklykda ýerleşdirilendir (goňşy gozalaryň merkezleriniň arasyndaky aralyk 0,4d barabardyr).

Gowaça gozalarynyň dik oklary Tugranyň merkezinden başlanýan şöhlelerdir, gozalaryň özi bolsa her bir soňraky goza öň ýanyndaka garanyňda agdarylan görnüşde şekillendirilip ýerleşdirilendir.

Tugrada bugdaý sünbülleri etalona laýyklykda şekillendirilendir. Sünbülleriň gapdal gyralary biri-birine galtaşmaýar, çäklendiriji sary-altynsow zolaklaryň gyrasynda 0,14d uzaklykda ýerleşýär, olaryň aşaky bölegi bolsa ýokarky gowaça gozalarynyň ýapraklaryna degýär.

Sünbüllerde jübüt ýerleşen 28 bugdaý dänesi bar. Sünbülleriň ýokarky gyrasynda biri-birinden deň aralykda ýerleşen, ýarymaýa we ýyldyzlara tarap gönükdirilen bäş baldak çykýar. Sünbülleriň ýokarky uçlary Tugranyň dik okunyň kiçi tegelegiň ýokarky bölegi bilen kesişýän nokadyndan 78° ýapgytlykda başlanýan çyzyklar bilen çäklendirilýär.

Ak reňkli ýarymaý we bäş sany bäşburç ýyldyz Tugranyň ýokarky böleginde onuň dik okunda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2000-nji ýylyň 3-nji martynda çykaran № 4600 karary bilen tassyklanylan, Türkmenistanyň TDS 562-2000 «Türkmenistanyň Döwlet baýdagy» döwlet standartyna № 3 goşundynyň talaplaryna laýyklykda şekillendirilendir.