Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň energetika pudagynyň işgärlerini döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň energetika pudagynyň işgärlerini döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň energetika pudagynyň işgärlerini döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2003 ý., № 6, 236-njy madda)

Baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň we onuň mähriban halkynyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny, ata Watanymyzyň energetika pudagynyň barha ösmegine goşan saldamly goşantlaryny, türkmen halkymyzyň altyn asyrynda gazanan ajaýyp üstünliklerini we uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal hem-de tutanýerli zähmetlerini nazara alyp, şeýle hem Mary Döwlet elektrik stansiýasynyň işe girizilmeginiň 30 ýyllygy, Hindiguş suw elektrik stansiýasynyň 90 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň energetika senagatynyň aşakdaky tapawutlanan işgärlerini Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglamaly:

«Altyn asyr» ordeniniň III derejesi bilen:

Türkmenistanyň energetika we senagat ministri Atamyrat Gurbanowiç Berdiýewi,

Mary Döwlet elektrik stansiýasynyň direktory Öwezdurdy Täşliýewiç Çäşäýewi,

Mary Döwlet elektrik stansiýasynyň gazan-turbina sehiniň smena başlygy Nurmyrat Gurbanowiç Ýazyýewi,

Mary Döwlet elektrik stansiýasynyň gazan-turbina sehiniň uly maşinisti Bazargeldi Seýidowiç Myradowy,

Mary Döwlet elektrik stansiýasynyň gazan-turbina sehiniň gözegçi maşinisti Çarygeldi Gurbangeldiýewi,

Mary Döwlet elektrik stansiýasynyň smena başlygy Töre Laparowiç Hajyýewi,

Mary Döwlet elektrik stansiýasynyň smena başlygy Hojamuhammet Hojaberdiýewi;

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Garaşsyz Türkmenistana bolan

beýik söýgüsi üçin» ordeni bilen:

Mary Döwlet elektrik stansiýasynyň merkezi abatlaýyş sehiniň gaz bilen kesiji slesary Atamyrat Geldiýewi;

«Galkynyş» ordeni bilen:

Mary Döwlet elektrik stansiýasynyň elektrik sehiniň ussasy Ýazmyrat Kulyýewiç Myradowy,

Mary Döwlet elektrik stansiýasynyň elektrik sehiniň elektroslesary Hojageldi Saparowiç Nurlyýewi,

Mary Döwlet elektrik stansiýasynyň himiýa sehiniň başlygy Atamyrat Myradowy;

«Gaýrat» medaly bilen:

Mary Döwlet elektrik stansiýasynyň direktorynyň orunbasary Çaryýar Ataýewi,

Mary Döwlet elektrik stansiýasynyň ýylylyk awtomatika we ölçegler sehiniň ussasy Aýdogdy Gylyjowiç Akynyýazowy,

Mary Döwlet elektrik stansiýasynyň ýylylyk we ýerasty ulgamlar sehiniň kebşirleýjisi Çary Orazowiç Batyrowy,

Mary Döwlet elektrik stansiýasynyň merkezi abatlaýyş sehiniň slesary Akmämmet Öwezdurdyýewiç Jumageldiýewi,

Mary Döwlet elektrik stansiýasynyň gazan-turbina sehiniň başlygy Rejepdurdy Ataýewiç Batyrowy,

Mary Döwlet elektrik stansiýasynyň tehniki önümçilik bölüminiň başlygy Täjibaý Jumataýewi,

Mary Döwlet elektrik stansiýasynyň zähmeti goramak we tehniki ekspluatasiýa bölüminiň başlygy Waleriý Pawlowiç Maksimowy,

Hindiguş suw elektrik stansiýasynyň ussasy Gulmyrat Nazarowiç Garagulowy;

«Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen:

Mary Döwlet elektrik stansiýasynyň termoizolýasiýa sehiniň saraýjysy Gurbanýaz Ýazlyýewiç Myradowy,

Mary Döwlet elektrik stansiýasynyň merkezi bejeriş sehiniň elektrik bilen kebşirleýjisi Gurbangeldi Orazberdiýewiç Babajanowy.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

2003-nji ýylyň 25-nji iýuny

№ РР-3884