Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 19 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» diýen Türkmenistanyň ýadygärlik medaly bilen sylaglamak hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 19 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» diýen Türkmenistanyň ýadygärlik medaly bilen sylaglamak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 19 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» diýen Türkmenistanyň ýadygärlik medaly bilen sylaglamak hakynda

010.200.040

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy 2010-njy ýyl, № 10, 1052-nji madda)

Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyny berkitmäge we gorap saklamaga, çäk bitewüligini, konstitusion gurluşyny goramaga, Watanymyzyň goranmak kuwwatyny pugtalandyrmaga, Watan goragçylaryny mertlik we watansöýüjilik ruhunda terbiýelemäge, türkmen jemgyýetinde asuda durmuşy goramaga, hukuk tertibini üpjün etmäge, raýatlaryň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň gyşarnyksyz berjaý edilmegine goşan uly goşantlary üçin, şeýle hem Bitarap Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň 19 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli dabaraly harby ýörişi ýokary derejede taýýarlamaga we geçirmäge işjeň gatnaşandyklaryny nazara alyp, karar edýärin:

Şulary «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 19 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» diýen Türkmenistanyň ýadygärlik medaly bilen sylaglamaly:

Türkmenistanyň Goranmak ministri Ýaýlym Ýagmyrowiç Berdiýewi;

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Myrat Yslamowy;

Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministri Çarymyrat Kakalyýewiç Amanowy;

Türkmenistanyň Baş prokurory Çary Hojamyradowy;

Türkmenistanyň Içeri işler ministri Isgender Handurdyýewiç Mulikowy;

Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy Ýaranmyrat Rejepowiç Ýazmyradowy;

Türkmenistanyň Adalat ministri Myrat Baýmuhammedowiç Garryýewi;

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy Meretgeldi Orazgeldiýewiç Berdiýewi;

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy Seýitnyýaz Gurbanmämmedowiç Ballyýewi;

Türkmenistanyň Neşelere garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň başlygy Aman Allanurowiç Garaýewi;

Türkmenistanyň Prezidentiniň Howpsuzlyk gullugynyň başlygy Güýçgeldi Hojaberdiýewiç Hojaberdiýewi.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat ş.,

2010 ý. oktýabr aýynyň 27-i

№ PP-5666