1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Beýik Ýeňşiň 65 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ilatynyň oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Beýik Ýeňşiň 65 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ilatynyň oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy 2010-njy ýyl, № 4, 834-nji madda)
Täze galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda halkymyzyň toý-baýramlaryny ýokary derejede belläp geçmegini üpjün etmek hem-de 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 65 ýyllygynyň baýram edilmegi mynasybetli ýurdumyzyň ilatynyň oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasynyň üçünji bölegine laýyklykda, karar edýärin:
1. 2010-njy ýylyň 9-njy maýyndaky dynç gününi 10-njy maýa geçirmeli.
2. Şu Permanyň ýerine ýetirilmegini eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli kärhanalar, edaralar we guramalar üpjün etmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
Aşgabat ş.
2010 ý. aprel aýynyň 29-y.
№ PP-5591