Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Türkmen oba hojalyk institutyny döretmek hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

Türkmen oba hojalyk institutyny döretmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmen oba hojalyk institutyny döretmek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy 2010-njy ýyl, № 3, 764-nji madda)

Täze galkynyş we beýik özgertmeler zamanasynda ýurdumyzyň ylym we bilim ulgamyny ösdürmegiň maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, döwrüň talaplaryna laýyk gelýän ýokary derejedäki hünärmenleri taýýarlaýan ylym we bilim merkezleriniň bitewi ulgamyny kämilleşdirmek, şeýle hem oba hojalygynyň çalt depginler bilen ösmegini üpjün etmek boýunça öňde durýan wezipeleri amala aşyrmak hem-de ýokary bilimli, saýlap alan hünärine wepaly, kärine ussat, maksada okgunly ýaş hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, karar edýärin:

1. Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň garamagynda Daşoguz şäherinde Türkmen oba hojalyk institutyny döretmeli.

2. Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen ylalaşyp, Türkmen oba hojalyk institutynyň Tertipnamasyny tassyklamaly.

3. Türkmenistanyň Maliýe ministrligi Türkmen oba hojalyk instituty üçin zerur çykdajylar bilen bagly üýtgetmeleri Türkmenistanyň 2010-njy ýyl üçin Döwlet býujetine girizmeli.

4. Şu Permanyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary M.Akmämmedow, H.Saparlyýew, T.Japarow, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministri E.Orazgeldiýew, Türkmenistanyň Bilim ministri G.Mämmedowa, Türkmenistanyň Maliýe ministri A.Goçyýew, Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministri B.Hojamämmedow, Daşoguz welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedow we Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy O.Gurbannazarow gözegçilik etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat ş.

2010 ý. mart aýynyň 17-si.

№ PP-5558