Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanynda Döwlet we hukuk institutyny döretmek hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanynda Döwlet we hukuk institutyny döretmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanynda Döwlet we hukuk institutyny döretmek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2007 ý., № 12, 857-nji madda)

Türkmenistanyň kanunçylygynyň düýpli we amaly barlaglaryny alyp barmak, ony kämilleşdirmek we onuň ösüşiniň ugurlaryny kesgitlemek, şeýle hem Türkmenistanyň Hökümetiniň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň derňewini we ylmy-hukuk seljermesini geçirmek maksady bilen, karar edýärin:

1. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanynda Döwlet we hukuk institutyny döretmeli.

2. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet we hukuk instituty Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde Institut hakyndaky Düzgünnamanyň taslamasyny 10 gün möhletde taýýarlamaly we Türkmenistanyň Prezidentine tassyklamak üçin bermeli.

3. Şu Permanyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Adalat ministri M.Garryýew we Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Hukuk goraýjy we harby edaralaryň işini seljeriş bölüminiň müdiri M.Yslamow gözegçilik etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhammedow

Aşgabat ş.

2007-nji ýylyň 26-njy dekabry

№ PP-4960