Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Türkmenistanyň Söwda we alyjylar birleşmeleri ministrligini Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine öwürmek hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

Türkmenistanyň Söwda we alyjylar birleşmeleri ministrligini Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine öwürmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň Söwda we alyjylar birleşmeleri ministrligini

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine öwürmek hakynda

010.150.010

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2007 ý., № 11, 781-nji madda)

Döwlet dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmek boýunça täze ykdysady strategiýany durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň söwda pudagyny we daşary ykdysady aragatnaşyklaryny has-da ösdürmek maksady bilen, karar edýärin:

1. Türkmenistanyň Söwda we alyjylar birleşmeleri ministrligini Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine öwürmeli.

2. Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi üýtgedilip guralan Türkmenistanyň Söwda we alyjylar birleşmeleri ministrliginiň ähli hukuklarynyň we borçlarynyň hukuk oruntutarydyr.

3. Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen ylalaşyp, şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamaly we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine hödürlemeli.

4. «Türkmenistanyň Söwda we alyjylar birleşmeleri ministrligi hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2004-nji ýylyň 13-nji iýulynda çykaran 4082-nji Permanyny (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň 2004-nji ýyldaky 7-nji ýygyndysynyň 265-nji maddasy) güýjüni ýitiren hasap etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhammedow

Aşgabat ş.

2007-nji ýylyň 12-nji noýabry

№ PP-4911