Oraza baýramy hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Oraza baýramy hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2007 ý., № 10, 728-nji madda)
Türkmen halkynyň köp asyrlyk taryhyna aýawly çemeleşmek, gymmatly ruhy baýlygymyzy gorap saklamak, ajaýyp däp-dessurlarymyzy, urp-adatlarymyzy berjaý etmek we baýlaşdyrmak, Täze galkynyşlar zamanamyzda mähriban halkymyzyň bitewiligini, agzybirligini hem-de jebisligini has-da berkitmek we «Oraza baýramyny bellemek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1998-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda çykaran № 2432 Permanyny ýerine ýetirmek maksady bilen, karar edýärin:
Halkymyziň Milli baýram bolan Oraza baýramy mynasybetli, 2007-nji ýylyň Garaşsyzlyk aýynyň 13-ini iş güni däl diýip yglan etmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhammedow
Aşgabat ş.
2007-nji ýylyň 11-nji oktýabry
№ PP-4884