Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Beýik Ýeňşiň 62 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň urşa gatnaşyjylaryny sylaglamak hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Beýik Ýeňşiň 62 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň urşa gatnaşyjylaryny sylaglamak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan

Beýik Ýeňşiň 62 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň urşa gatnaşyjylaryny sylaglamak hakynda

060.120.010

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy 2007 ý., № 4, 281-nji madda)

1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň ýowuz ýyllarynda tylda gijesini gündiz edip zähmet çeken, söweşýän goşun üçin egin-eşik taýýarlap, maşgalanyň barja azygyny, şaý-serplerini Goranmak Goruna tabşyryp beýik Ýeňşiň gazanylmagynda är işini bitiren gelin-gyzlarymyzyň, keramata deňeýän ak saçly enelerimiziň, agyr söweşlerde watan ykbalyny janyndan ileri tutup, mähriban topragyny, eziz halkyny gorap edermenligiň, mertligiň, watansöýüjiligiň belent nusgasyny görkezip, Beýik Ýeňşi gazanan watan gerçekleriniň mertebesini has-da dabaralandyrmak maksady bilen, karar edýärin:

1. 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň 62 ýyllygy mynasybetli ona gatnaşyjylaryň her birine, şeýle hem watan gerçekleriniň mukaddes ojagyny saklap oturan ýalňyz naçarlara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan 1 mln. manat möçberde pul sowgadyny bermeli.

2. Aşgabat şäheriniň, welaýatlaryň we etraplaryň, şäherleriň häkimlikleri 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylara saglyk hyzmatlarynyň ilkinji nobatda berilmegini, olaryň her biriniň durmuş-ýaşaýyş şertlerini gowualandyrmak boýunça çareleriň geçirilmegini üpjün etmeli we bu meseläni hemişelik üns merkezinde saklamaly.

3. Aşgabat şäheriniň, welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimlikleri, Türkmenistanyň Uruş Weteranlarynyň Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky guramasynyň merkezi geňeşi Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylara 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň 62 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň pul sowgadyny dabaraly ýagdaýda gowşurmaly.

4. Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrligi şu Permanda görkezilen pul sowgatlaryny Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirmeli.

5. Şu Permanyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary H. Saparlyýew, Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministri H. Geldimyradow, Aşgabat şäheriniň, welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimleri gözegçilik etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhammedow

Aşgabat ş.

2007-nji ýylyň 20-nji apreli

№ PP-4734