Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

«Türkmen Döwletiniň Tugy hakyndaky Düzgünnamany tassyklamak barada»Türkmenistanyň Prezidentiniň 2003-nji ýylyn 25-nji awgustynda çykaran 3900-nji Permanyna üýtgetmeler girizmek hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

«Türkmen Döwletiniň Tugy hakyndaky Düzgünnamany tassyklamak barada»Türkmenistanyň Prezidentiniň 2003-nji ýylyn 25-nji awgustynda çykaran 3900-nji Permanyna üýtgetmeler girizmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

«Türkmen Döwletiniň Tugy hakyndaky Düzgünnamany tassyklamak barada»Türkmenistanyň Prezidentiniň 2003-nji ýylyn 25-nji awgustynda çykaran 3900-nji Permanyna üýtgetmeler girizmek hakynda

010.030.020

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2007 ý., № 2, 107-nji madda)

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2003-nji ýylyň 25-nji awgustynda çykaran 3900-nji Permanyna şu üýtgetmeleri girizmeli:

1. Permanyň döwlet dilindäki ýazgysynda we sözbaşysynda, şeýle hem şol Perman bilen tassyklanylan Düzgünnamada hem-de 1-nji we 2-nji goşundylarda (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň 2003-nji ýyldaky 8-nji ýygyndysynyň 311-nji maddasy) «Türkmen Döwletiniň Tugy» sözlerini «Türkmenistanyň Prezidentiniň Tugy» sözleri bilen çalşyrmaly.

2. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2003-nji ýylyň 25-nji awgustynda çykaran 3900-nji Permany bilen tassyklanylan Türkmenistanyň Prezidentiniň Tugy hakyndaky Düzgünnamanyň 1-nji goşundysynda (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň 2003-nji ýyldaly 8-nji ýygyndysynyň 311-nji maddasy) dördünji bendiň ikinji sözlemini şu görnüşde beýan etmeli:

«Gönüburçluk 0,45B diametri tegelekde ýerleşýär, onuň daşky töwereginde çepki ýokarky çärýeginden başlap sagadyň diliniň ugry boýunça tegelegiň merkezinden geçýän kese çyzykdan deň uzaklykda sözleriň arasynda simmetrik açyklyk bilen sag we çep böleklerde (0,125B) çyzygyň ýokarsynda (0,025 B beýiklikde) «TÜRKMENISTANYŇ», çyzygyň aşagynda - «PREZIDENTI» sözleri ýazylandyr».

3. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2003-nji ýylyň 25-nji awgustynda çykaran 3900-nji Permany bilen tassyklanylan Türkmenistanyň Prezidentiniň Tugy hakyndaky Düzgünnamanyň 2-nji goşundysynyň (Türkmenistanyň Prezidentiniň Tugynyň parçalarynyň ölçegleri) goşulýan teswirini tassyklamaly.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhammedow

Aşgabat ş.

2007-nji ýylyň 28-nji fewraly

№ PP-4692