Türkmenistanyň Ýaşulularynyň Maslahatyny çagyrmak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Türkmenistanyň Ýaşulularynyň Maslahatyny çagyrmak hakynda
010.190.150
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2011-nji ýyl, № 8, 1471-nji madda)
Ýaşululara uly sarpa goýmak, olaryň abraý-mertebesini belende götermek ýaly ata-babalarymyzdan miras galan mukaddes däp-dessurlarymyza eýerip, türkmen halkynyň şöhratly taryhynda, milli mirasynda we şu günki bagtyýar durmuşymyzda ösüp gelýän ýaş nesillerimizi asyllylyk, halallyk, watansöýüjilik, zähmetsöýerlik we ahlaklylyk ruhunda terbiýelemekde ýaşuly nesliň aýratyn mynasyp ornuna buýsanmak bilen, ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda taryhy ähmiýetli sene bolan Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 20 ýyllyk şanly baýramynyň giňden bellenip geçilýän döwründe, şeýle hem geljekki döwre meýilleşdirilýän beýik hem-de tutumly işlere ýaşululary işjeň çekmek, halkymyzyň agzybirligini pugtalandyrmakda, il-ýurt bahbitli meseleleri pähim-parasatly ýaşulular bilen maslahatlaşyp çözmekde olaryň örän baý tejribesini, asylly ýörelgelerini netijeli peýdalanmak maksady bilen, karar edýärin:
1. Türkmenistanyň Ýaşulularynyň Maslahatyny 2011-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Aşgabat şäherinde çagyrmaly.
2. Türkmenistanyň Ýaşulularynyň Maslahatynyň gün tertibine döwlet durmuşynyň ilkinji nobatdaky meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin hödürlemeli.
3. Türkmenistanyň Ýaşulularynyň Maslahatyny guramaçylykly geçirmek we gelýän teklipleri, ýüztutmalary kabul etmek, toplamak hem-de seljermek boýunça Döwlet toparyny döretmeli we onuň düzümini tassyklamaly (goşulýar).
4. Şu Permanyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş Dolandyryjysy, Türkmenistanyň Ýaşulularynyň Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary hem-de welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri gözegçilik etmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
Aşgabat ş.,
2011 ý. awgust aýynyň 26-y.
№ PP-5844
Türkmenistanyň Prezidentiniň
2011-nji ýylyň 26-njy awgustynda
çykaran PP-5844-nji Permany bilen
tassyklandy
Türkmenistanyň Ýaşulularynyň Maslahatyny guramaçylykly geçirmek
we gelýän teklipleri, yüztutmalary kabul etmek, toplamak hem-de seljermek boýunça Döwlet toparynyň
DÜZÜMI
Toparyň Başlygy
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow
Toparyň Başlygynyň orunbasary
Türkmenistanyň Ýaşulularynyň Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary - M.Garryýew
Toparyň agzalary
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş Dolandyryjysy, Türkmenistanyň Prezidentiniň komekçisi
Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministri
Türkmenistanyň Adalat ministri
Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy
Türkmenistanyň Baş prokurory
Türkmenistanyň Içeri işler ministri
Türkmenistanyň Goranmak ministri
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet we hukuk institutynyň direktory
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynyň direktory
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň birinji sekretary
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy
Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň başlygy
Türkmenistanyň Uruş weteranlary guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy
Welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri