Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrligini döretmek hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrligini döretmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrligini

döretmek hakynda

010.150.010

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2011-nji ýyl, № 4,5, 1281-nji madda)

Täze galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda ýurdumyzyň jemagat hojalygyny mundan beýläk-de ösdürmek, ýerine ýetirilýän jemagat hyzmatlarynyň hilini has-da ýokarlandyrmak, döwrebap enjamlaşdyrylan kärhanalary açyp, täze iş orunlaryny döretmek maksady bilen, karar edýärin:

1. Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrligini döretmeli.

2. Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrliginiň üstüne jemagat hojalygy, jemagat hyzmatlary, abadanlaşdyrmak, arassaçylyk boýunça işleri amala aşyrmak wezipelerini ýüklemeli.

3. Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrligi Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde Ministrlik hakyndaky Düzgünnamanyň taslamasyny bir aý möhletde taýýarlamaly we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermeli.

4. Şu Permanyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary D.Orazow gözegçilik etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat ş.,

2011 ý. aprel aýynyň 8-i

№ PP-5756