Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Daşary ýurt raýatlaryny Türkmenistanyň «Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan» ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

Daşary ýurt raýatlaryny Türkmenistanyň «Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan» ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Daşary ýurt raýatlaryny Türkmenistanyň «Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan» ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda

010.200.040

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2015 ý., № 12, 3851-nji madda)

Berkarar döwletimiz Bitaraplygynyň şanly 20 ýyllygyny uly üstlinlikleri gazanmak bilen, halkara derejesinde giňden belleýär. Garaşsyz Watanymyzyň alyp barýan Bitaraplyk syýasaty ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmäge, merdana halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge, dünýäde parahatçylygy berkitmäge, dürli ýurtlar we halklar bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny, özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilendir. Geçen döwür Berkarar döwletimiziň oňyn Bitaraplyk syýasatynyň halkara bileleşigi üçin möhüm ähmiýetiniň bardygyny aýdyň subut etdi.

Garaşsyz Türkmenistan Bitaraplyk derejesi esasynda dünýäniň döwletleri, abraýly halkara guramalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürýär. Bitarap döwletimiziň alyp barýan halkara hyzmatdaşlygy ykdysadyýetimiziň pudaklaryny, ylym-bilim ulgamlaryny ösdürmäge, milli medeniýetimizi baýlaşdyrmaga, ýurdumyza daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge giňden ýardam edýär. Bilelikdäki halkara taslamalaryny üstünlikli amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Berkarar Watanymyzyň dünýädäki at-abraýyny yzygiderli ýokarlandyrýar. Gazanylýan bu beýik üstünliklerde daşary ýurt raýatlarynyň hem uly goşandy bar.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny we ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmakda, halkara abraýyny ýokarlandyrmakda bitiren hyzmatlaryny, özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge goşan uly şahsy goşandyny nazara alyp, şeýle hem Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli, karar edýärin:

Şu daşary ýurt raýatlaryny Türkmenistanyň «Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan» ýubileý medaly bilen sylaglamaly:

Yslam Ösüş Banky Toparynyň prezidenti Ahmed Mohammed Ali A1 Madanini, Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Baş direktory William Leýsi Swingi, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Lamberto Zannieri.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri

2015-nji ýylyň 10-njy dekabry

№ PP-6856