Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanlaryna üýtgetme we goşmaça girizmek hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanlaryna üýtgetme we goşmaça girizmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanlaryna üýtgetme we goşmaça girizmek hakynda

010.180.020

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2015 ý. № 8, 3727-nji madda)

Türkmenistanyň kanunçylygyny kämilleşdirmek maksady bilen, karar edýärin:

Türkmenistanyň Prezidentiniň şu Permanlaryna üýtgetme we goşmaça girizmeli:

1. «Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça konstitusion topary döretmek we onuň düzümini tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2014-nji ýylyň 16-njy maýynda çykaran 6576-njy Permany (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň 2014-nji ýyldaky 5-nji ýygyndysynyň 3167-nji maddasy) bilen tassyklanan, Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça konstitusion toparynyň düzüminiň on üçünji bendinden soň şu mazmunly täze bendi goşmaly:

«Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy».

2. «Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini ýokarlandyrmak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2014-nji ýylyň 7-nji iýulynda çykaran 6606-njy Permanynyň (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň 2014-nji ýyldaky 7-nji ýygyndysynyň 3245-nji maddasy) 1-nji goşundysynda Döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň, şeýle hem olaryň esasy gurluş birlikleriniň ýolbaşçylarynyň aýlyk zähmet haklarynyň 67-nji bölüminde «Türkmen döwlet habarlar gullugy» diýen sözleri «Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi» diýen sözler bilen çalşyrmaly.

Türkmenistanyň

Prezidenti,

Türkmenistanyň

Ýaragly Güýçleriniň Gurbanguly

Belent Serkerdebaşysy Berdimuhamedow

Aşgabat ş.,

2015 ý. awgust aýynyň 04-i

№ PP-6788