1941-1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňşiň 70 ýyllygy mynasybetli sowgatlary gowşurmak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
1941-1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňşiň 70 ýyllygy
mynasybetli sowgatlary gowşurmak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2015 ý. № 3-4, 3574-nji madda)
1941-1945-nji ýyllaryň urşuna gatnaşyjylaryň söweşlerde görkezen deňsiz-taýsyz gahrymançylygyny hem-de uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken ak saçly enelerimiziň görkezen nusgalyk edermenligini hormatlap, olaryň ýaş nesillerimizi watançylyk, gahrymançylyk, mertlik ruhunda terbiýelemekde we halkymyzyň agzybirligini , jebisligini berkitmekde alyp barýan asylly işlerini, ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge goşýan goşantlaryny göz öňünde tutup şeýle hem Beýik Ýeňşiň 70 ýyllygy mynasybetli, karar edýärin:
1. Welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň häkimlikleri, Türkmenistanyň Uruş weteranlary guramasynyň Merkezi Geňeşi 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňşiň 70 ýyllygy mynasybetli 444 uruş weteranyna, şol sanda 44 zenana, şeýle hem uruşda wepat bolan esgerleriň 58 ýanýoldaşyna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan 200 manat möçberde pul sowgadyny hem-de gymmat bahaly sowgatlary şu Permana goşunda laýyklykda dabaraly ýagdaýda gowşurmaly.
2. Türkmenistanyň Maliýe ministrligi şu Permanyň 1-nji bölüminde görkezilen sowgatlary Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirmeli.
3. Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi hem-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi şu Permana goşunda laýyklykda welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerini gymmat bahaly sowgatlar bilen býujetden maliýeleşdirilýän edaralar üçin bellenen nyrhlardan üpjün etmeli.
4. Şu Permanyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary S.Toýlyýew, A.Goçyýew, P.Taganow, B.Ereşow, Türkmenistanyň Maliýe ministri, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri hem-de Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy gözegçilik etmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2015-nji ýylyň 9-njy apreli.
№ PP-6738.
Türkmenistanyň Prezidentiniň
2015-nji ýylyň 09-njy aprelinde
çykaran PP-6738-nji Permanyna
goşundy
1941-1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňşiň 70 ýyllygy
mynasybetli uruş weteranlaryna we uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gowşuryljak gymmat bahaly sowgatlaryň
SANAWY
Erkekler üçin
t/b Sowgatlaryň atlary Ölçeg birligi
t/b
Sowgatlaryň atlary
Ölçeg birligi
1 Nah köýnek 1 sany
1
Nah köýnek
1 sany
2 Trikotaž jemper 1 sany
2
Trikotaž jemper
1 sany
3 Trikotaž sport geýimi 1 toplum
3
Trikotaž sport geýimi
1 toplum
4 Nah pižama 1 toplum
4
Nah pižama
1 toplum
5 Ýorgan-düşek daşlygy 1 toplum
5
Ýorgan-düşek daşlygy
1 toplum
6 Elçalgyç (70x140sm we 50x90sm) 1 sany
6
Elçalgyç (70x140sm we 50x90sm)
1 sany
7 Bugda nahar bişiriji(Tefal) 1 sany
7
Bugda nahar bişiriji(Tefal)
1 sany
8 Suw gaýnadyjy(Philips) 1 sany
8
Suw gaýnadyjy(Philips)
1 sany
9 Türkmenistanyň melhem çaýlary 1 toplum
9
Türkmenistanyň melhem çaýlary
1 toplum
10 Bilguşak 1 sany
10
Bilguşak
1 sany
11 Dyzlyk 1 sany
11
Dyzlyk
1 sany
12 Goşarlyk 1 sany
12
Goşarlyk
1 sany
13 Maýyşgak sargy 1 sany
13
Maýyşgak sargy
1 sany
14 Ýod galamy 5 sany
14
Ýod galamy
5 sany
15 Çyglandyrylan elýaglyk 1 sany
15
Çyglandyrylan elýaglyk
1 sany
16 Sowgatlar üçin torba 1 sany
16
Sowgatlar üçin torba
1 sany
Jemi:
Jemi:
Zenanlar üçin
t/b Sowgatlaryň atlary Ölçeg birligi
t/b
Sowgatlaryň atlary
Ölçeg birligi
1 Bir köýneklik panbarhat mata 3 m
1
Bir köýneklik panbarhat mata
3 m
2 Bir köýneklik ştapel mata 2 m
2
Bir köýneklik ştapel mata
2 m
3 Trikotaž jemper 1 sany
3
Trikotaž jemper
1 sany
4 Trikotaž köýnek 1 sany
4
Trikotaž köýnek
1 sany
5 Ýorgan-düşek daşlygy 1 toplum
5
Ýorgan-düşek daşlygy
1 toplum
6 Elçalgyç (70x140sm we 50-90sm) 1 sany
6
Elçalgyç (70x140sm we 50-90sm)
1 sany
7 Bugda nahar bişiriji(Tefal) 1 sany
7
Bugda nahar bişiriji(Tefal)
1 sany
8 Suw gaýnadyjy(Philips) 1 sany
8
Suw gaýnadyjy(Philips)
1 sany
9 Türkmenistanyň melhem çaýlary 1 toplum
9
Türkmenistanyň melhem çaýlary
1 toplum
10 Bilguşak 1 sany
10
Bilguşak
1 sany
11 Dyzlyk 1 sany
11
Dyzlyk
1 sany
12 Goşarlyk 1 sany
12
Goşarlyk
1 sany
13 Maýyşgak sargy 1 sany
13
Maýyşgak sargy
1 sany
14 Ýod galamy 5 sany
14
Ýod galamy
5 sany
15 Çyglandyrylan elýaglyk 1 sany
15
Çyglandyrylan elýaglyk
1 sany
16 Sowgatlar üçin torba 1 sany
16
Sowgatlar üçin torba
1 sany
Jemi:
Jemi: