Gurban baýramyny bellemek hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Gurban baýramyny bellemek hakynda
010.210.000
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2012 ý., № 10, 2197-nji madda)
Türkmen halkynyň ruhy gymmatlyklaryny gorap saklamak we has-da baýlaşdyrmak, ata-babalarymyzdan gelýän däp-dessurlarymyzy berjaý etmäge giň ýol açmak, milli baýramçylyklarymyzy dabaralandyrmak baradaky asylly ýörelgelerimizden ugur alyp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe merdana, ruhubelent halkymyzyň agzybirligini, jebisligini has-da berkitmek maksady bilen, karar edýärin:
1. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde 2012-nji ýylyň 26-27-28-nji oktýabrynda Gurban baýramyny bellemeli we şol günleri iş günleri däl diýip yglan etmeli.
2. Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasynyň 3-nji bölegine laýyklykda 2012-nji ýylyň 28-nji oktýabryndaky dynç gününi 29-njy oktýabra geçirmeli.
3. Şu Permanyň ýerine ýetirilmegini eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralar, kärhanalar we guramalar üpjün etmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2012-nji ýylyň 23-nji oktýabry.
№ PP-6200