Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Türkmenistanyň Neşelere garşy göreşmek baradaky döwlet gullugyny Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugy diýip atlandyrmak hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

Türkmenistanyň Neşelere garşy göreşmek baradaky döwlet gullugyny Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugy diýip atlandyrmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň Neşelere garşy göreşmek baradaky döwlet gullugyny Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugy

diýip atlandyrmak hakynda

010.150.030

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2012 ý., № 8, 2095-nji madda)

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini, mähriban halkymyzyň bolelin, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny, jemgyýetimiziň mizemez esasy bolan maşgala ojaklarynyň mäkämligini, watansöýüji, sagdyn we berk bedenli ýaşlaryň kemala gelmegini üpjün etmek maksady bilen, karar edýärin:

1. Türkmenistanyň Neşelere garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň adyny üýtgedip, ony Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugy diýip atlandyrmaly.

2. Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugy Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamaly we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermeli.

3. Şu Permanyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugynyň başlygy gözegçilik etmeli.

Türkmenistanyň

Prezidenti,

Türkmenistanyň

Ýaragly Güýçleriniň Gurbanguly

Belent Serkerdebaşysy Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2012-nji ýlyň 1-nji awgusty.

№ PP-6144