Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Türkmenistanyň Senagat ministrligini döretmek hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Türkmenistanyň Senagat ministrligini döretmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň Senagat ministrligini döretmek hakynda

090.070.010

010.150.010

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2012 ý., № 7, I-bölek, 2002-nji madda)

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň senagat pudagynyň işini has-da kämilleşdirmek hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan» gelip çykýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, karar edýärin:

1. Türkmenistanyň Senagat ministrligini döredip, Türkmenistanyň Gurluşyk materiallary senagaty ministrligini ýapmaly.

2. Türkmenistanyň Senagat ministrligini ýapylan Türkmenistanyň Gurluşyk materiallary senagaty ministrliginiň hukuk oruntutary diýip kesgitlemeli.

3. Türkmenistanyň Senagat ministrligi Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde Ministrlik hakyndaky Düzgünnamanyň taslamasyny bir aý möhletde taýýarlamaly we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermeli.

4. Şu Permanyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary A.Ýegeleýew we A.Goçyýew gözegçilik etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat ş.

2012-nji ýylyň 6-njy iýuly.

№ PP-6102