Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň ýanynda Türkmenistanyň Hemişelik wekilhanasyny açmak hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň ýanynda Türkmenistanyň Hemişelik wekilhanasyny açmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň ýanynda Türkmenistanyň Hemişelik wekilhanasyny açmak hakynda

200.090.040

090.090.000

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2016 ý. № 8-9, 4238-nji madda)

«Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň statusy hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, şeýle hem Türkmenistanyň iri möçberli halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygynyň gerimini has-da giňeltmek maksady bilen, karar edýärin:

1. Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň ýanynda Türkmenistanyň Hemişelik wekilhanasyny açmaly.

2. Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekilhanasynyň wezipelerini Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky (Wena şäheri) Ilçihanasynyň üstüne ýüklemeli.

3. Şu Permanyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow we Türkmenistanyň Goranmak ministri gözegçilik etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2016-njy ýylyň 26-njy awgusty.

№ PP-7063