Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Türkmenistanyň Prezidentiniň käbir Permanlaryna üýtgetmeler, goşmaçalar girizmek we olaryň käbirini güýjüni ýitiren hasap etmek hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň käbir Permanlaryna üýtgetmeler, goşmaçalar girizmek we olaryň käbirini güýjüni ýitiren hasap etmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň Prezidentiniň käbir Permanlaryna üýtgetmeler, goşmaçalar girizmek we olaryň käbirini güýjüni ýitiren hasap etmek hakynda

010.180.020

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2016 ý. № 8-9, 4237-nji madda)

Türkmenistanyň kanunçylygyny kämilleşdirmek maksady bilen, karar edýärin:

I. Türkmenistanyň Prezidentiniň şu Permanlaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmeli:

1. «Türkmenistanyň oba hojalygyny dolandyrmagy kämilleşdirmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1996-njy ýylyň 24-nji aprelinde çykaran 1792-nji Permanynyň (Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň 1996-njy ýyldaky 4-nji ýygyndysynyň 3099-njy maddasy) 3-nji bölüminde «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşigi» diýen sözleri aýyrmaly.

2. «Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryny we jogapkär wezipeli işgärlerini seçip almak, olaryň ätiýaçlyk toparyny döretmek hem-de olary ýerbe-ýer goýmak işini guramak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2010-njy ýylyň 17-nji fewralynda çykaran 5539-njy Permanynyň 2-nji bölüminde «we Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugynyň başlygy» diýen sözleri aýyrmaly;

şol Perman bilen tassyklanan:

Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryny we jogapkär wezipeli işgärlerini seçip almak, olaryň ätiýaçlyk toparyny döretmek hem-de olary ýerbe-ýer goýmak işini guramak hakyndaky Düzgünnamanyň 1-nji bölüminde «we Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugynyň» diýen sözleri aýyrmaly;

Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň Türkmenistanyň Prezidentiniň namalary bilen wezipä bellenýän hem-de wezipeden boşadylýan ýolbaşçylarynyň we jogapkär wezipeli işgärleriniň wezipeleriniň sanawynyň 10-njy bölümini aýyrmaly;

Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşylyp wezipä bellenýän we wezipeden boşadylýan ýolbaşçylarynyň we jogapkär wezipeli işgärleriniň wezipeleriniň sanawynda:

1-nji bölüminiň üçünji bendinde «Terbiýeçilik işleri boýunça müdirligiň başlygy» diýen sözleri aýyrmaly;

2-nji bölümini şu görnüşde beýan etmeli:

«2. Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy boýunça:

Operatiw müdirliginiň başlygy;

Aragatnaşyk we awtomatlaşdyrylan dolandyryş ulgamy müdirliginiň başlygy;

Aňtaw müdirliginiň başlygy;

Tehniki üpjünçilik müdirliginiň başlygy;

Üpjünçilik müdirliginiň başlygy;

Guramaçylyk-mobilizasiýa bölüminiň başlygy.».

5-nji bölümine şu mazmunly on üçünji bendi goşmaly:

«Neşeleriň bikanun dolanyşygyna garşy göreş müdirliginiň başlygy»;

7-nji bölümini şu görnüşde beýan etmeli:

«7. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy boýunça:

Gümrük gözegçiligini guramak bölüminiň başlygy;

Gümrük kadalarynyň bozulmalaryna garşy göreş bölüminiň başlygy;

Gümrük tölegleri bölüminiň başlygy;

Ahal welaýat gümrükhanasynyň «Artyk» gümrük postunyň başlygy;

Ahal welaýat gümrükhanasynyň «Sarahs awtoýollary» gümrük postunyň başlygy;

Balkan welaýat gümrükhanasynyň «Altyn Asyr» gümrük postunyň başlygy;

Balkan welaýat gümrükhanasynyň «Parom geçelgesi» gümrük postunyň başlygy;

Balkan welaýat gümrükhanasynyň «Garabogaz» gümrük postunyň başlygy;

Daşoguz welaýat gümrükhanasynyň «Köneürgenç» gümrük postunyň başlygy;

Daşoguz welaýat gümrükhanasynyň «Daşoguzawtoýollary» gümrük postunyň başlygy;

Lebap welaýat gümrükhanasynyň «Farap awtoýollary» gümrük postunyň başlygy;

Lebap welaýat gümrükhanasynyň «Ymamnazar» gümrük postunyň başlygy;

Mary welaýat gümrükhanasynyň «Serhetabat» gümrük postunyň başlygy;

Aşgabat şäher gümrükhanasynyň «Aşgabat howa menzili» gümrük postunyň başlygy;

Aşgabat şäher gümrükhanasynyň «Howdan» gümrük postunyň başlygy.»;

9-njy bölümini aýyrmaly.

3. «Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini ýokarlandyrmak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 9-njy iýulynda çykaran 6776-njy Permanynyň 1-nji goşundysynyň - Döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň, şeýle hem olaryň esasy gurluş birlikleriniň ýolbaşçylarynyň aýlyk zähmet haklarynyň:

10-njy bölüminde «Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi» diýen sözleri «Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrligi» diýen sözler bilen çalşyrmaly;

24-nji bölüminde «Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrligi 3645 2875 2490» diýen sözleri we sanlary «Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti 3220 2585 2245» diýen sözler we sanlar bilen çalşyrmaly;

13-nji, 39-njy, 42-44-nji bölümlerini aýyrmaly.

II. Türkmenistanyň Prezidentiniň şu Permanlaryny güýjüni ýitiren hasap etmeli:

«Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň welaýat, etrap hem-de şäher toparlaryny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2007-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda çykaran 4893-nji Permanyny;

«Türkmenistanyň Neşelere garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň ýolbaşçylarynyň wezipe iş haklary hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2008-nji ýylyň 24-nji ýanwarynda çykaran 4984-nji Permanyny.

Türkmenistanyň

Prezidenti,

Türkmenistanyň

Ýaragly Güýçleriniň Gurbanguly

Belent Serkerdebaşysy Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2016-njy ýylyň 26-njy awgusty.

№ PP-7062.