Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

2016-njy ýylda Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatyny geçirmek hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

2016-njy ýylda Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatyny geçirmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

2016-njy ýylda Türkmenistanyň Ýaşulularynyň

maslahatyny geçirmek hakynda

010.190.010

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2016-njy ýyl, № 7, 4176-njy madda)

Asyrlaryň dowamynda asylly ýörelgeleri, pähim-paýhasy bilen halkymyzyň görelde mekdebi bolup gelýän ýaşulularymyza hormat- sarpa goýmak, olaryň abraý-mertebesini has-da belende götermek, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ösüp gelýän ýaş nesillerimizi asyllylyk, halallyk, watansöýüjilik, zähmetsöýerlik we ýokary ahlaklylyk ruhunda terbiýelemekde ýaşuly nesliň mynasyp ornuna buýsanmak bilen, döwlet ähmiýetli, giň gerimli işlere ýaşululary işjeň çekmek, halkymyzyň agzybirligini, jebisligini pugtalandyrmakda, il-ýurt bähbitli meseleleri pähim-parasatly ýaşulular bilen maslahatlaşyp çözmekde olaryň baý tejribesini netijeli peýdalanmak, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-njiýylyň 10-njy sentýabrynda çykaran 6810-njy Permanyny ýerine ýetirmek maksady bilen, karar edýärin:

1. Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatyny 2016-njy ýylyň 14-nji sentýabrynda Aşgabat şäherinde geçirmeli.

2. Şu Permanyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Iş Dolandyryjysy, Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň edarasynyň Iş dolandyryjysy hem-de welaýatlatyň we Aşgabat şäheriniň häkimleri gözegçilik etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2016-njy ýylyň 19-njy iýuly.

№ PP-7045