Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

2016-njy ýylyň 5-nji maýyny iş güni däl diýip yglan etmek hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

2016-njy ýylyň 5-nji maýyny iş güni däl diýip yglan etmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

2016-njy ýylyň 5-nji maýyny iş güni däl diýip yglan etmek hakynda

010.210.010

050.070.030

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2016-njy ýyl, № 4, 4060-njy madda)

Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda türkmen halkynyň sagdyn durmuş medeniýetini täze many-mazmun bilen baýlaşdyryp ösdürmek, jemgyýetimize sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmak, bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň 25-nji fewralynda çykaran 14618-nji kararyna laýyklykda, ýurdumyzda 2016-njy ýylyň 5-nji apreli – 5-nji maýy aralygynda geçirilýän “Sagdynlyk we batyýarlyk” atly köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş-medeni çäreleriniň we “Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly sport ýaryşlarynyň şu ýylyň 5-nji maýynda geçiriljek jemleýji çärelerine we dabaralaryna hem-de Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunçaV Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 500 gün galmagy mynasybetli dabaralara raýatlarymyzyň has giňden we işjeň gatnaşmagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, karar edýärin:

1. 2016-njy ýylyň 5-nji maýyny iş güni däl diýip yglan etmeli.

2. Şu Permanyň ýerine ýetirilmegini eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralar, kärhanalar we guramalar üpjün etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2016-njy ýylyň 29-njy apreli.

№ PP-6988