Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler ministrligini Türkmenistanyň Nebitgaz ministrligi diýip atlandyrmak hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler ministrligini Türkmenistanyň Nebitgaz ministrligi diýip atlandyrmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler

ministrligini Türkmenistanyň Nebitgaz ministrligi diýip atlandyrmak hakynda

010.150.010

010.230.030

090.070.080

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2016-njy ýyl, №1, 3881-nji madda)

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe nebitgaz pudagyny dolandyrmagy has-da kämilleşdirmek maksady bilen, karar edýärin:

1. Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler ministrliginiň adyny üýtgedip, ony Türkmenistanyň Nebitgaz ministrligi diýip atlandyrmaly.

2. Türkmenistanyň Nebitgaz ministrligi Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamaly we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermeli.

3. Şu Permanyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory Ý.Kakaýew, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary B.Hojamämmedow hem-de Türkmenistanyň Nebitgaz ministri gözegçilik etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri

2016-njy ýylyň 8-nji ýanwary

№ PP-6885