Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetini döretmek hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetini döretmek hakynda
010.150.020
110.010.000
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2016-njy ýyl, №1, 3875-nji madda)
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda daşky gurşawy goramak we ýer gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek babatdaky bir bitewi syýasaty amala aşyrmak, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň goralyşyna hem-de ýer serişdeleriniň rejeli peýdalanylyşyna gözegçiligi güýçlendirmek maksady bilen, karar edýärin:
1. Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrligini we Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň ýanyndaky Ýer serişdeleri gullugyny goşup, olaryň binýadynda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetini döretmeli.
2. Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetini Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň ýanyndaky Ýer serişdeleri gullugynyň hukuk oruntutary diýip kesgitlemeli.
3. Şu Permanyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary E.Orazgeldiýew, B.Hojamämmedow, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetiniň başlygy hem-de Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy gözegçilik etmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri
2016-njy ýylyň 8-nji ýanwary
№ PP-6879