Administratiw jerimäniň möçberini kesgitlemek üçin binýatlyk mukdary bellemek hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
PERMANY
Administratiw jerimäniň möçberini kesgitlemek üçin binýatlyk mukdary bellemek hakynda
160.090.010
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2013-nji ýyl, № 11, 6465-nji madda)
«Administratiw hukuk bozulmalary hakyndaky» Türkmenistanyň kodeksine laýyklykda, karar edýärin:
1. 2014-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, administratiw jerimäniň möçberini kesgitlemek üçin binýatlyk mukdary 100 manat möçberde bellemeli.
2. Türkmenistanyň Maliýe ministrligi Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri taýýarlamaly we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermeli.
3. Şu Permanyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy, Türkmenistanyň Baş prokurory, Türkmenistanyň Maliýe ministri, Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministri, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri hem-de Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy gözegçilik etmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2013-nji ýylyň 29-njy noýabry.
№ PP-6465