Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

A.Şagulyýewa Magtymguly adyndaky Halkara baýragyny bermek hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

A.Şagulyýewa Magtymguly adyndaky Halkara baýragyny bermek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

A.Şagulyýewa Magtymguly adyndaky Halkara baýragyny

bermek hakynda

010.200.080

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2013-nji ýyl, № 9-10, 2812-nji madda)

Вerkаrаr döwletimizin bagtyýarlyk döwründe döwrebap eserleri bilen ýurdumyzyň taryhy ösüşlerini çeper wasp etmekde, milli edebiýatymyzy, medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmekde, ýaş nesilleriň watançylyk, belent adamkärçilik ruhunda terbiýelenmegine täsir edýän uly göwrümli, terbiýeçilik ähmiýetli, ýokary çeperçilikli edebi eserleri döretmekde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin, şeýle hem Magtymguly adyndaky Halkara baýraklary baradaky komitetiň kararyny nazara alyp, «Edebiýat we sungat» gazetiniň bölüm müdiri Amangözel Şagulyýewa Magtymguly adyndaky Halkara baýragyny bermeli.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2013-nji ýylyň 05-nji oktýabry

№ PP-6438