Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Magtymguly adyndaky Halkara baýragyny bermek hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Magtymguly adyndaky Halkara baýragyny bermek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Magtymguly adyndaky Halkara baýragyny bermek hakynda

010.200.080

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2013-nji ýyl, № 9-10, 2811-nji madda)

Вerkаrаr döwletimizin bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň şöhratly taryhyny, baý medeni mirasyny öwrenmekde hem-de häzirki döwürde milli medeniýetimizi ösdürmekde bitiren aýratyn hyzmatlary, ylmy barlaglary, terjimeleri hem-de ýurdumyzyň çäklerinde köp ýyllaryň dowamynda eden arheologiki açyşlary we türkmen medeniýetiniň gadymylygyny dünýä ýaýmaga goşan uly goşantlary üçin, şeýle hem Magtymguly adyndaky Halkara baýraklary baradaky komitetiň kararyny nazara alyp, karar edýärin:

Şu daşary ýurt raýatlaryna Magtymguly adyndaky Halkara baýragyny bermeli:

Sasakawa Parahatçylyk gaznasynyň geňeşçisi Sasaki Ýoşiakä,

Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Arheologiýa institutynyň esasy ylmy işgäri, taryh ylymlarynyň doktory Wiktor Nikolaýewiç Pilipko,

Italiýa Respublikasynyň Turin şäheriniň Arheologik barlaglar we gazuw-agtaryş işleri baradaky merkeziniň direktory, arheologiýa ylymlarynyň doktory, professor Karlo Lippolise,

Polşa Respublikasynyň Warsawa uniwersitetiniň Arheologiýa institutynyň professory, taryh ylymlarynyň doktory Barbara Kaime.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2013-nji ýylyň 05-nji oktýabry

№ PP-6437