Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 22 ýyllyk baýramy mynasybetli hormatly atlary dakmak hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 22 ýyllyk baýramy mynasybetli hormatly atlary dakmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 22 ýyllyk baýramy mynasybetli hormatly atlary dakmak hakynda

010.200.050

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2013-nji ýyl, № 9-10, 2810-njy madda)

Вerkаrаr döwletimizin bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz taryhy ösüşlere beslenip, bedew bady bilen ynamly öňe barýar. Bagtyýarlyk mekanyna öwrülen ýurdumyzda il-ýurt bähbitli uly möçberli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilip, agzybir halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi barha ýokarlanýar. Ýurdumyzda ähli ugurlar bilen birlikde, medeniýet ulgamynda amala aşyrylýan beýik işlere diňe bir türkmen halky däl, eýsem dünýä jemgyýetçiligi hem ýokary baha berýär.

Milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň, edebiýatymyzyň has-da ösdürilmegi üçin uly möçberlerde maliýe serişdeleri gönükdirilýär. Bu bolsa, ulgamlaýyn medeni maksatnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegine mümkinçilik berýär. Medeniýet we sungat ulgamynyň işgärleriniň döwlet tarapyndan yzygiderli sylaglanyp durulmagy, şeýle hem olaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagy barada edilýän aladalar medeniýet, sungat ussatlarynyň ruhubelent, döredijilikli işlemeklerini üpjün edýär.

Ýurdumyzyň milli medeniýetini, edebiýatyny, aýdym-saz, teatr, kino hem-de şekillendiriş sungatyny, žurnalistikasyny, telewideniýäni, radiony we medeni aň-bilim edaralaryny, metbugat we neşirýat ulgamyny ösdürmäge, döredijilik işgärlerini taýýarlamaga we terbiýelemäge goşan aýratyn goşantlary, bütin halkyň sylag-hormatyna mynasyp bolan, çeperçilik taýdan gymmatly edebi eserleri hem-de çeperçiligi ýokary nakgaşçylyk eserlerini döredendikleri üçin, ýokary ýerine ýetirijilik hem-de çeperçilik ussatlygy bilen döwletimiziň we halkymyzyň öňünde bitiren uly hyzmatlaryny, joşgunly zehinini, uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal, döredijilikli zähmetini nazara alyp, şeýle hem hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 22 ýyllyk baýramy mynasybetli, karar edýärin:

Ýurdumyzyň şu medeniýet, sungat we döredijilik işgärlerine Türkmenistanyň hormatly atlaryny dakmaly:

«Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly ady:

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş drama teatrynyň sahna ussady Muhammetguly Kasymowa,

«Türkmenhowaýollary» döwlet milli gullugynyň «Türkmenistan» howa ulaglary kärhanasynyň «Laçyn» tans-saz folklor toparynyň baş baletmeýsteri Baýram Nuryýewa,

Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň Medeni-işewürlik merkeziniň başlygy Ogulbibi Esenowna Reyimowa,

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 5-nji çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Allaberdi Ataýewe,

Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň sahna ussady Babageldi Öwlýakulowiç Rejepowa;

«Türkmenistanyň halk suratkeşi» diýen hormatly ady:

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Arhitektura kafedrasynyň mugallymy Baýram Hojammaýewe;

«Türkmenistanyň halk ýazyjysy» diýen hormatly ady:

«Garagum» žurnalynyň bölüm redaktory Orazguly Annaýewe,

Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli ýaşlar teatrynyň artisti Gowşutgeldi Ýagdyýewiç Danatarowa;

«Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri»

diýen hormatly ady:

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Miras» teleradioýaýlymynyň teleoperatory Ýusup Berdiýewiç Ataýewe,

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Türkmen owazy» teleradioýaýlymynyň teleoperatory Timur Soýunowa,

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýiniň uly ylmy işgäri Galina Alekseýewna Mamedowa,

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Aşgabat şäheriniň Çagalar we ýetginjekler köşgüniň medeni guramaçysy Ogulsapar Begmyradowa,

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 4-nji çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Anna Kadyrowa,

Ahal welaýat medeniýet müdirliginiň baş hünärmeni Ogsoltan Hojagulyýewa,

Balkan welaýatynyň Magtymguly etrap medeniýet merkeziniň hünärmeni Aýsoltan Mämiýewa,

Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň Bedirkent geňeşligindäki Oglanly oba medeniýet öýüniň müdiri Gurbantäç Kakabaýewa,

Daşoguz welaýat medeniýet müdirliginiň Boldumsaz etrap medeniýet bölüminiň müdiri Gulşirin Mametsahatowa,

Lebap welaýat medeniýet müdirliginiň başlygynyň orunbasary Şöhrat Mämetýarowiç Töräýewe,

«Türkmen gündogary» welaýat gazetiniň uly habarçysy Polatdurdy Hudaýberdiýewe,

«Maru-Şahu-Jahan» welaýat gazetiniň bölüm redaktory Aşyrdurdy Myradowa;

«Türkmenistanyň at gazanan artisti»

diýen hormatly ady:

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş drama teatrynyň sahna ussady Amanbibi Gurbanmyradowna Abdyrahmanowa,

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş drama teatrynyň drama artisti Döndi Sapardurdyýewa,

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş drama teatrynyň sahna ussady Sary Agamyradowiç Saryýewe,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň aýdymçy artisti Nargiza Kadyrberdiýewna Atabaýewa,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň drama artisti Döwletgeldi Çaryýewiç Berdiýewe,

Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli ýaşlar teatrynyň sahna ussady Gözel Çommiýewa,

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Miras» teleradioýaýlymynyň diktory Dürsoltan Baýmyradowna Annamyradowa,

Daşoguzyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň drama artisti Arazgül Andaýewa,

Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň merkezi medeniýet öýüniň ýanyndaky halk teatrynyň režissýory Uzakbaý Örýeýewiç Magtumguliýewe,

Lebap welaýatynyň Atamyrat etrap medeniýet merkeziniň artisti Dilnäz Abduraşitowna Penjiýewa,

Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň artisti Ogulhajar Nurmuhammedowa,

Mary welaýat halk döredijilik merkeziniň artisti Ýusup Garýagdyýewe,

Şukur Kulyýewe (merhum),

Çaryýar Hekimowa (merhum),

Täçmuhammet Hajyýewe (merhum);

«Türkmenistanyň at gazanan bagşysy» diýen

hormatly ady:

Türkmen milli konsenýatoriýasynyň Bagşyçylyk sungaty kafedrasynyň mugallymy Merdankuli Nurýagdyýewiç Baýramowa,

Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň Medeni-işewürlik merkeziniň dutarçylar ansamblynyň sazandasy Döwletgeldi Baýramowiç Durdyýewe;

«Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri»

diýen hormatly ady:

Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň Folklor-etnografiýa studiýasynyň baş baletmeýsteri Maksat Annamuhammedowiç Garaýewe,

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň «Meňli» tans toparynyň balet artisti Liliýa Faritowna Baýturowa,

Türkmen milli konsenýatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň mugallymy Almaz Ulmasowiç Holbaýewe,

A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň suratkeş-goýujysy Galina Wasilýewna Şiçanina,

Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, erkin dörediji Amanmuhammet Hydyrowa,

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Ýöritenebitgurnamagurluşyk» trestiniň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Nebitçileriň medeniýet köşgüniň direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Satlykgurban Mammetgurbanowiç Bäbişowa,

Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň Magtymguly şäherçesiniň ýaşaýjysy, pensioner Aşyrgül Annaýewa;

«Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti»

diýen hormatly ady:

«Türkmenistan» gazetiniň baş redaktorynyň orunbasary Seýitguly Geldiýewe,

«Türkmenistan» gazetiniň bölüm redaktory Aýjemal Omarowa,

«Watan» gazetiniň jogapkär kätibi Purnepes Durdyýewiç Öwezliýewe.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2013-nji ýylyň 04-nji oktýabry

№ PP-6436